Gyşyna ak, ýazyna goňur

Ýer ýüzündäki ähli jandarlar we ösümlikler şol ýeriň tebigy şertlerinde ýaşamak üçin ukyply bolýar.Planetamyzyň demirgazyk polýusyna has golaý ýerleri polýar tegelegi diýlip atlandyrylýar.Aşa sowukdygyna garamazdan, ol ýerde dürli jandarlar ýaşaýar, möwsümleýin ösümlikler bitýär. Şeýle jandarlaryň biri hem tilkiniň iň kiçi görnüşi bolan polýar tilkisidir (Vulpes lagaopus ýa-da Alopex lagopus).

Oňa ak tilki, gar tilkisi we arktika tilkisi hem diýilýär.Bu tilkiniň possuny gyşyna ak, ýazyna we tomsuna goýy goňur reňkli bolýar.Ak reňkli wagty onuň possuny örän owadan bolýar.

Bu jandarlaryň ys alyş ukyby örän ýokary bolýar. Ýüwrükligi bilen tapawutlanýan ak tilkiler suwda ýüzmäge hem ökde.Olar gemrijiler, guşlar, käbir miwe we ir-iýmişler bilen iýmitlenýärler.Tilkiniň bu görnüşi Grenlandiýanyň, Islandiýanyň, Russiýanyň, Şwesiýanyň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň we Alýaskanyň demirgazyk sebitlerinde ýaşaýar.

Arktika tilkileri dünýäniň iň owadan we geň galdyryjy jandarlarynyň biri hasaplanýar.Arktika tilkileriniň galyň sütügi, gysga aýagy we kiçijik gulagy bedenini ýyly saklaýar.Bu tilkiler 50 derejeden sowuk howa hem çydap bilýär.

Arktika tilkileriniň tüýleri gyşyna has çalt ösýär.Bu olara Arktika garlary bilen garyşyp, öz awlaryny aňsatlyk bilen tutmagyna hem-de dürli howplardan goranmagyna mümkinçilik berýär. Ýaz paslynyň gelmegi bilen olaryň tüýi täzelenip, ak possunynyň reňki goňura öwrülýär.

Ak tilkileriň bedeniniň uzynlygy 46-68 sm, agramy 7 kilogram töweregi bolýar.Olar, esasan, towşan we balyk bilen iýmitlenýärler.Arktika tilkileriniň penjeleriniň aşagynda sütük bolup, bu olaryň garda we buzda aňsatlyk bilen ýöremegine kömek edýär.

The post Gyşyna ak, ýazyna goňur appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Günüň batmaýan ýerleri
Türkmenistan Hazar deňzi boýunça ylmy hyzmatdaşlyga çagyrýar, 2023-nji ýylda 330 sany türkmen talyby Belorusyň ýokary okuw mekdeplerine girdiler, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilligi Maýyplara goldaw merkezine mekdep esbaplaryny gowşurdy we beýleki habarlary
Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
Alýaskada Millionlarça Ýyl Ozal Dinozawrlaryň Ýaşandygy Anyklandy
"Defender Europe 21" atly harby türgenleşik başlady
ABŞ-da Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 5 Adam Ýogaldy