“Gyzyl kürte” filminiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

8-nji maýda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda “Gyzyl kürte” atly çeper filmiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň kino muşdaklarynyň köp sanlysyny özünde jemlän kinoteatryň ekranynda Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanyp, surata düşürilen “Gyzyl kürte” çeper filmi uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem bu dabara ýurdumyzyň sungat ussatlary, ýazyjylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Dabaranyň çäklerinde döredijilik duşuşyklary geçirilip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyna, kino sungatyna we medeni mirasymyza goýulýan belent sarpa babatda çykyşlar beýan edildi.

Goýujy režissýor Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen filmde uruş ýyllaryndaky durmuş janlandyrylypdyr. “Oguzhan” adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň tarapyndan surata düşürilen bu filmde Göwher gelniň durmuşy we türkmen gelinleriniň gaýduwsyzlygy we batyrgaýlygy suratlandyrylypdyr.

Bolan wakalara esaslanyp surata düşürilen filmde adamsyny fronta, iberen Göwher gelin başyna gyzyl kürtesini atyp, ömri ötýänçä ýanýoldaşyna garaşyp, ojagyny gorap oturypdyr.

80 minutlyk “Gyzyl kürte” atly çeper film ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, ýagny paýtagtymyz Aşgabatda, Bäherden etrabynda, Bokurdak, Mämmetýar we Nohur obalarynda surata düşürilip, ýowuz uruş ýyllarynda türkmen halkynyň durmuşyny beýan edýär.

Bu filmde Göwher gelniň keşbini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Aýna Jumaýewa ýerine ýetirdi. Şeýle hem bu filmde Anna poçtalýonyň keşbini Öwez Şarlyýew we Öwekge atly çaganyň keşbini bolsa, Ibragim Baýramow janlandyrdy.

Çeper filmiň ssenarisiniň awtorlary Öwezmyrat Berdimyradow we Atamyrat Şagulyýew.

Bu filme 9-njy maý güni sagat 19:25-de “Altyn asyr” teleýaýlymyndan tomaşa edip bilersiňiz. Şeýle-de “Aşgabat” kinoteatrynda hem görkezilişi dowam eder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gyzyl kürte atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi boldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Täze film halk köpçüligine görkezildi