Habar beriş serişdeleri: Ahmadinežad Eýranyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaga taýýar

Habar beriş serişdeleri: Ahmadinežad Eýranyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşmaga taýýar

Eýranyň öňki Prezidenti Mahmud Ahmadinežad 28-nji iýunda geçjek möhletinden öňki Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçydygy barada beýanat berdi diýip, Asriran habarlar gullugyna salgylanýan Kun.uz habar berdi.

Mahmud Ahmadinežad Eýran Yslam Respublikasynyň altynjy Prezidenti bolup, 2005-2013-nji ýyllarda bu wezipäni eýeledi. Ýurduň Parlamentindäki tarapdarlary Ahmadinežady ýurtda iň meşhur syýasatçylaryň biri hökmünde häsiýetlendirip, ony saýlawlarda goldajakdygyny mälim etdiler.

Parlamentiň deputaty Ahmad Alirza Beýgi: Eger Mahmud Ahmadinežad Prezident saýlawlaryna gatnaşsa, ol ýeňer diýip, beýanat berdi diýlip, habarda bellenýär.

Prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýän dalaşgärler Eýranyň Synçy geňeşi- saýlawlarda Konstitusion synçy edara tarapyndan tassyklanmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler
Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkiminden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi
Türkmen diplomaty Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň geçirijiligini 15 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär
Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň täze bellenen ilçisi kabul edildi