Türkmen diplomaty Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmen diplomaty Kataryň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hammadi bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 12-nji noýabrda bolan duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar.

Habarda bellenilişi ýaly, diplomatlar döwletara gatnaşyklaryny has-da ilerletmek maksady bilen, iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň möhümdigini bellediler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda hem bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler
Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkiminden Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk haty geldi
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň geçirijiligini 15 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär
Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň täze bellenen ilçisi kabul edildi
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär