Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Owganystanyň Hyrat welaýatynyň häkimi Şaýh Nur Ahmad Yslamjardan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.
Şaýh Nur Ahmad Yslamjar iberen hatynda Hyrat welaýatynyň ilatynyň adyndan hem-de hut öz adyndan, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken owgan halkyna Türkmenistandan iberilen ynsanperwerlik kömegi hem-de Arkadag şäherinde beren sadakasy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edýär.
