Habib Nurmagomedow UFC-niň ähli reýtinginden aýryldy

Habib Nurmagomedow UFC-niň ähli reýtinginden aýryldy

UFC-niň ýeňil agramda öňki çempiony Habib Nurmagomedow promouşeniň ähli reýtinginden aýryldy. Sebäbi geçen hepde Nurmagomedow karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan tassyklady diýip, sportmail.ru habar berýär.

Indi UFC-niň jemlenen reýtinginde agram kategoriýasyna garamazdan, birinji orny ýarym agyr agramda guşagyň öňki eýesi Jon Jons eýeleýär. Öň bu orun Nurmagomedowa degişlidi.Jons Habib 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Jastin Getjiden üstün çykýança, reýtingde birinji orny eýeläpdi.

Ikinji orunda ýarym orta agramda çempion Kamaru Usman ýerleşýär, üçlügi agyr agramda iň gowy söweşiji Stipe Mioçiç jemleýär.Indiki üçlügi ýarym ýeňil agramda guşagyň eýesi Aleksandr Wolkanowski, orta agramda çempion Israel Adesanýa we ýeňil agramda öňki wagtlaýyn çempion Dastin Porýe düzýär.

Iň ýeňil agramda öňki çempion Pýotr Ýan onlugy jemleýär, iki agram kategoriýasynda öňki çempion Konor Makgregor bolsa 15-nji orna dolandy. Şeýle-de, UFC-niň ýeňil agramda guşagy resmi taýdan boşadylan diýlip yglan edildi.

Diwizion reýtinginiň ilkinji üç setirini Porýe, Getji we Çarlz Oliweýra eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Islam Mahaçew Çarlz Oliweýrany ýeňip, UFC-niň çempiony boldy
Mahaçew UFC-de finiş sany boýunça Oliweýranyň rekordyny täzelemek isleýär
Mahaçýew Oliweýranyň ýeňişli ýörişine nokat goýdy
Garaşylmadyk habar: Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi
Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmagy meýilleşdirýär