Habib Nurmagomedow Spartak futbol klubunyň düzüminde çykyş etmek isleýär. Bu barada türgen “KraSawa” programmasynda alyp baryjynyň sowalyna beren jogabynda aýtdy, diýip sm.news habar berýär. Bilşiňiz ýaly, ýanwar aýynda Habib gürrüňinde futbol karýerasyna professional derejede başlamak isleýändigini aýdypdy.
32 ýaşly söweşiji 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda UFC 254 turnirinde amerikaly Jastin Getjiden üstün çykandan soň, karýerasyny tamamlaýandygyny aýtdy. Onuň kakasy Abdulmanap geçen ýylyň iýul aýynda aradan çykdy. Ol “Spartak” toparynyň janköýeridi.
