Häkim Beglow: “Aşgabatda metro gurmak meýilleşdirilýär”

Häkim Beglow: “Aşgabatda metro gurmak meýilleşdirilýär”

Peterburgyň häkimi Aleksandr Beglow Türkmenistana sapary barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşypdy.

Bu barada “Sankt-Peterburg” telekanalynyň saýtynda habar berilýär .

Ol Aşgabada saparynda prezident Berdimuhamedow, DIM Raşid Meredow, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşypdy. Beglowyň sözlerine görä, saparyň gün tertibiniň arasynda ykdysadyýet hem bardy. Şol sanda Aşgabatda metro gurmak meýilleşdirilýär we Peterburgly hünärmenleriň maslahatlaryny soraýarlar.

Şonuň ýalyda, häkim Beglow Peterburgda Türkmenistanyň we Aşgabatda Peterburgyň Söwda öýüni gurmak barada gürrüň edilendigini aýdýar.

Habarlara laýyklykda, ýurtda Petergburgly şirketler ýol düýp gurluşlary,töweregi ýaşyl zolaga öwürmek, palçyk akymlaryndan goraýjy gurluşyklara gatnaşýarlar we olaryň “Aşgabat-Siti” gurluşygyna hem gatnaşmagy maslahat edilýär.

Häzir Türkmenistanda Peterburgly “Wozrojdeniýe”gurluşyk şirketi işleýär.

Aşgabatda metro gurmak barada ilkinji gezek 2014-nji ýylda gürrüň edilipdi. Şonda Berdimuhamedow “Interstroýmontaj” gurluşyk toparynyň edarasynyň başlygy Wladimir Petruka ýüzlenip, Aşgabatda metro gurmak meselesine seretmegi sorapdy.

Petruk metro gurmak meselesini “öňdebaryjy hünärmenler jikme-jik öwrenerler” diýipdi.

2020-nji ýylyň maýyndaky “Ak şäherim Aşgabat” sergisinde “Interbudmontaj”paýtagtda metro gurmak barada taslamany hödürläpdi.

Assosisiýanyň wekili Aleksandr Kokun ideýany işläp taýýarlamak we onuň tehnologiýa bölegine ýaponiýanyň “Sumotimo” şirketi, ýapon metro assosiýasiýasy, Germaniýanyň “K2” konsaltiň topary çekildi we olar seýsmologiki zolagda metronyň inžener mümkinçiligini işläp taýýarladylar diýýär.

Taslamany taýýarlaýanlaryň pikiriçe, Aşgabat metrosy paýtagty “Aşgabat-siti” bilen baglar.

Ýeri gelende bellesek, käbir türkmen hünärmenleriniň sözlerine görä, Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Aşgabatda her gün diýen ýaly kiçijik ýer yranmalary bolup durýar.

Şol sebäpli,Aşgabat ýaly seýsmiki taýdan juda töwekgelli şäherde ýer astyndan hereket edýän metro gatnawyny ýola goýmak asla maksadalaýyk däl.

The post Häkim Beglow: “Aşgabatda metro gurmak meýilleşdirilýär” first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Analiz: 11-nji fewral Türkmenistanda häkimiýeti geçirmek marafonynyň “hakyky” pellehanasymy?
Beglow Aşgabatdaky türkmen-rus mekdebiniň mugallymlaryny we okuwçylaryny Sankt-Peterburga çagyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...
Peterburg Türkmenistan üçin birleşdirilen materiallardan gämiler gurar
Sankt-Peterburgyň kompaniýalary “Aşgabat siti”-niň gurluşygyna gatnaşmakçy