“Häkimiýeti saklamak üçin”. Merkezi Aziýa ýurtlarynda saýlananlaryň hatyrasyna Konstitusiýany täzeden ýazmak

“Häkimiýeti saklamak üçin”. Merkezi Aziýa ýurtlarynda saýlananlaryň hatyrasyna Konstitusiýany täzeden ýazmak

Türkmenistanyň iki palataly parlamenti bary-ýogy iki ýyl dowam etdi. Eks-prezident we de-fakto lider Gurbanguly Berdimuhamedow bir palatany dargatmak barada teklip bilen çykyş etdi, ikinji palatany bolsa häkimiýetiň ýeke-täk ýokary organyna Halk maslahatyna öwürmeli diýdi. Bu sebitde örän tanyş we iş ýüzünde ulanylýan usul, häkimiýetde oturanlar şol güýji gorap saklajak we artdyrjak ýollary tapmak üçin göreşýärler.

2020-nji ýylda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjy mejlisiň ýokary palatasynyň döredilýändigini yglan edip, täze esaslandyrylýan guramanyň ahyrky maksadynyň türkmen halkynyň "bagtyýar durmuşyny" üpjün etmekden ybaratdygyny belledi. Prezidentlik wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa tabşyrandan soň, özi Halk Maslahatynyň başlygy wezipesine geçdi.

Indi bolsa, iki ýyldan gowrak wagt geçenden soň, dünýäniň iň bir awtoritar ýurtlarynyň birinde, mejlisiň iki palataly synagy tamamlandy; aşaky palata hiç zada öwrüldi, Halk maslahaty bolsa döwlet habar serişdeleriniň maglumatlaryna görä, döwlet dolandyryşynda "iň ýokary häkimiýete" öwrüler.

Merkezi Aziýada kanun çykaryjy we ýurduň konstitusiýasy bilen geçirilýän oýunlar adatdan çykma ýagdaý däl, eýsem bu düzgüne öwrüldi, muny sebitiň ähli ýurtlarynda ellerinde bolan ygtyýarlyklary we güýji has uzak möhletleýin saklamagyň ýollaryny agtarmagyň serişdesi hökmünde ulanýarlar.

Kiçi Berdimuhamedow eýýäm 21-nji ýanwarda üýtgedip gurmak boýunça Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny geçirmek baradaky permana gol çekdi. Prezidentlik edarasy uly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dolandyryljak geňeşiň ygtyýarlygyna geçiriler diýlip çaklanýar.

Türkmen syýasatçysy we barlagçy Kümüş Baýryýewa Azatlygyň Türkmen gullugyna bu teklibiň, ýany Halk Maslahatynyň gaýtadan esaslandyrylmagynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz-özüni söýüjiligi, öz mertebesini götermek islegleri bilen baglanyşyklydygyny aýtdy.

“Ol indi "milletiň ruhy lideri" bolmak meýillerine ymtylýar, şeýle hem täze Halk Maslahatynyň üsti bilen döwlet häkimiýetiniň ähli ulgamlaryna berk gözegçilik etmegi nazarda tutýar” diýip, Baýryýewa belleýär.

BÄŞ ÝYLDAN ÝEDI ÝYLA ÇALYŞMAK

Eger-de Türkmenistanyň goňşusy Özbegistan şu geljek baharda konstitusion üýtgetmeleri kabul etmegi göz öňünde tutuşy ýaly geçirse, sebitiň bäş ýurdunyň dördüsi Gazagystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýedi ýyllyk prezidentlik möhletine geçýär.

Daşkent bilen Astana garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda, prezidentlik wezipe möhletlerini bäş ýyldan ýedi ýyla çenli üýtgedip geldiler. Özbegistan 2011-nji ýylda 5 ýyllyk möhlete dolanmak kararyna gelende, ýurduň senatynyň aýtmagyna görä, bu özgerişlik Kerimowyň "demokratik reformalary çuňlaşdyrmak we raýat jemgyýetini kämilleşdirmek" baradaky garaýyşlaryny aňladýandygy bilen düşündirdi.

Indi ýedi ýyllyk möhlete dolanmagy nähili esaslandyryp bolar? Şawkat Mirziýoýewiň maslahatçylary, elbetde, “halkyň haýyşy bilen" diýdiler.

Mirziýoýew geçen ýylyň ahyrynda eden çykyşynda, referenduma hödürlenen Konstitusiýanyň täze nusgasynda, "biziň raýatlarymyzyň bildiren ähli teklipleri we islegleri nazara alynýar" diýdi.

Geçen tomusda Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň habarçylary Daşkent şäherinden beýle uzakda bolmadyk welaýat şäherçesindäki fabrige baryp, işçiler bilen gürrüňdeş bolanynda, Konstitusiýasynyň täze nusgasyny işläp düzýän kanun çykaryjylara ýüzlenýän ol hata gol çekmäge adamlary ýolbaşçylaryň mejbur edendigini aýtdylar.

Azatlyk tarapyndan gözden geçirilen ol hatyň aşagyna gol çekýän işçiler Özbegistanda "geçirilýän reformalardan örän kanagatlanýandygy", şonuň üçinem prezidentlik möhletini bäş ýyldan, ýedi ýyla çenli artdyrmagy haýyş edýändikleri, "ýa-da döwlet baştutanynyň ömürlik prezidentlik derejesinde goýulmalydygy" aýdylýar.

Özbegistanyň konstitusion komissiýasyna Esasy Kanuny üýtgetmek boýunça teklipleriň kabul edilýän möhleti 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli 117 müň 357 teklip gowşupdyr.

Eýýäm ýokary wezipeli deputatlardan biri Konstitusiýanyň täzeden seredilmegi Mirziýoýewiň prezidentlik möhletiniň ýaňadan diklenmegine mümkinçilik berjekdigini hem-de onuň yzly-yzyna üçünji möhlete dalaşgär bolup biljegini aýtdy.

Gyrgyzystanyň 2010-njy ýyldaky konstitusion reformasy Merkezi Aziýa üçin, ýeke-täk üýtgeşik ýagdaý boldy, sebäbi ol ýurduň prezidenti ýok mahalynda kabul edilipdi.

Şunuň netijesinde hem-de öňki iki döwlet baştutanynyň öz maşgalalaryny baýaltmak üçin, resmi wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmagy sebäpli, prezidentiň hukugy gowşapdy, parlamente we premýer-ministre bolsa täze ygtyýarlyklar berildi.

Emma täze kanun çykaryjy organ köpleri lapykeç etdi. Tankytçylar onuň diňe ýokary gatlakdakylaryň bähbitlerini goraýandygyny öňe sürdüler. Sebäbi saýlaw kampaniýalaryny maliýeleşdirmäge we netijede wezipeleri satyn almaga köp puluň eýelerine mümkinçilik döredildi, netijede, olar wezipeleri satyn alýardylar.

Şeýle-de bolsa, prezident Atambaýew käbir çäklendirmelere, şol sanda özüniň gaýtadan saýlanmagy babatda garşylyga duçar bolanda, ony berjaý etdi hem 2017-nji ýylda möhleti gutaranda wezipesinden gitdi.

Şol döwürdäki garyşyk düzgün öňki hökümetiň agzasy, 2010-njy ýylda wezipesinden boşadylan Sadyr Žaparowyň häkimiýete gelmegine garşy durup bilmedi. Adam ogurlamakda aýyplanyp tussag edilen syýasatçy 2020-nji ýylda türme tussaglygyny tamamlan badyna, täze syýasy tolgunyşyk ýüze çykdy.

Türmeden çykandan soň, öz tarapdarlary tarapyndan prezidentlige hödürlenen Žaparow Konstitusiýany üýtgetmegiň möhümdigini, korrupsiýany köki bilen sogrup taşlamak we döwlet baştutanynyň döwleti dolandyrmagyň ähli jogapkärçiligini öz üstüne alýan sistemasyny döretmek üçin, munuň örän wajypdygyny öňe sürdi.

Netijede, 2021-nji ýylda geçirilen referendumda, Gyrgyzystanyň täze Esasy Kanuny kabul edildi. Ony tankytçylar "hanstitusiýa" diýip atlandyrdylar, sebäbi parlament hökümetleri makullamak we wezipesinden boşatmak hukugyndan aýryldy.

Şeýle hem täze Konstitusiýa wezipedäki prezidentiň ikinji möhlete saýlanmak hukugyny dikeltdi.

AÝRATYN ADAMLAR ÜÇIN, AÝRATYN ARTYKMAÇLYKLAR BOLMALYMY?

Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky hökümet reformasynyň täjik prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan ulanylýan usula meňzeş täze konstitusiýa üýtgeşmelerine getirmegi mümkin.

2016-njy ýylda Täjigistanyň Konstitusiýasyna girizilen düzedişleriň netijesinde, Rahmon indi diňe bir prezident bolman, eýsem parahatçylygyň we milli agzybirligiň düýbüni tutujy milletiň lideri.

Bu aýratyn dereje Rahmony we onuň dogan-garyndaşlaryny diňe bir ömürlik kazyýet aýyplamalaryndan goramakdan daşary-da, hiç bir resmi wezipäni eýelemeýän wagtynda-da, Rahmona hökümet kararlaryny kabul etmäge ýa-da olara weto goýmaga hukuk berýär.

Häzir 35 ýaşynda bolan Rahmonyň ogly Rustam Emomali ýakyn geljekde prezidentlik wezipesini eýelär diýlip garaşylýar. Eýsem konstitusiýanyň kadasyndan çykmak gymmada durýarmy? Belki, şeýledir ýa-da ýok, eger adam häkimiýetde bolsa, ony barlamak hiç hili mümkin däl.

Tä 2022-nji ýylyň ýanwarynda Gazagystanda görlüp-eşidilmedik gozgalaňlar ýüze çykýança, 80 ýaşly Nazarbaýew hem milletiň lideridi elbasydy.

Başda ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli hökümete garşy dörän protestler soňra bütin Gazagystana ýaýrap, netijede 200-den gowrak adamyň ölümine getirdi.

Nazarbaýewiň milletiň lideri hökmünde eýeleýän derejesine we onuň hökümetdäki ýaranlarynyň üstüne ýurduň ilkinji prezidentiniň 2019-njy ýylda saýlap alan mirasdüşeri Kasym-Žomart Tokaýewiň gara kölegesi indi.

Ýanwar ganly wakalaryndan soň, häkimiýet ugrundaky göreşde Tokaýew ýeňiş gazandy, ol baş lider bolmak bilen Nazarbaýewi hem onuň garyndaşlaryny ikinji plana geçirdi.

Ahyrky netijelerde Tokaýew tarapyndan Konstitusiýa girizilmeli üýtgetmeler üçin öňe sürlen referendum iýun aýynda geçirilenden soň, Konstitusiýada "elbasy" baradaky ähli maglumatlar aýryldy hem-de onuň aýratyn derejesi, kanun we syýasy taýdan artykmaçlyklary düzgünleşdirýän hukuk şu aýyň başynda parlament tarapyndan kanuny däl diýlip yglan edildi.

Bu esasan hem kanunyň aýratyn goragyndan peýdalanýan Nazarbaýewiň ýakynlary üçin ýakymsyz täzelik boldy.

Nazarbaýewiň özi aýratyn kanunyň kömegi bilen otuz ýyllyk hökümete bolan döwi üçin, öňküleri ýaly kazyýet tarapyndan hiç bir jenaýat işinde aýyplanma bildirilmez, muny öňki prezidentlik hukuklary düzgünleşdirýär.

Ýöne ol ýene bir ýerde “elbasy” — öz elbasy.kz. saýtynda.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ekspertiň pikiri: Türkmen ykdysadyýetiniň "diagnozyny" bejerip bolarmy?
Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça erkekler ýygyndysynyň ziýanyň kubogyndaky garşydaşlary belli boldy
800 müň elektroulag öndürer
“Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik topary açyldy
Sungat eserlerinde Bitaraplygymyzyň waspy
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş işgärleriniň 70-e golaýyny sylaglady