Türkmenistanyň DIM-niň ýokary okuw mekdebiniň talyby Germaniýada karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň DIM-niň ýokary okuw mekdebiniň talyby Germaniýada karate boýunça geçirilýän halkara ýaryşyň ýeňijisi boldy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby Dawut Nazmyradow Germaniýanyň Berlin şäherinde karate boýunça geçirilýän Banzai Cup 2022 halkara ýaryşynda üç medal gazandy.

Kumite görnüşi boýunça ulularyň arasynda 75 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan türkmenistanly türgen final tutluşygynda awstraliýaly Darem Mitçeli ýeňdi. Şu agram derejesinde üçünji orna başga bir ildeşimiz baýry Baýryýew mynasyp boldy.

Şeýle hem Dawut Nazmyradow kumite boýunça 21 ýaşdan ýokary türgenleriň arasynda we Open derejesi boýunça geçirilen ýaryşlarda iki kümüş medaly eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly karateçiler Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmen türgenleri Berlinde 13 medal gazandy
Türkmenistanyň karate ýygyndysy Malaýziýada geçirilýän Aziýanyň çempionatyna gatnaşýar
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti