Hakan Fidan, Londonda we Parižde Saparda Bolar

Hakan Fidan, Londonda we Parižde Saparda Bolar

Daşary işler ministri Hakan Fidan, 11-nji noýabrda Riýatda geçirlen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň bilelikde geçiren sammitinde Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde kabul edilen kararlaryň çäginde döredilen aragatnaşyk topary bilen Gaza Sektorynda möwjän dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin Londonda we Parižde saparda bolar.

Saud Arabystanyň, Iordaniýanyň, Müsüriň, Indoneziýanyň, Nigeriýanyň we Palestinanyň daşary işler ministrleri bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretaryndan ybarat topar 22-nji noýabrda bir ýere jemlenşer.

Daşary işler ministri Hakan Fidanyň maslahatyň çäginde, Londonda we Parižde Britaniýanyň Premýer-ministri we Fransiýanyň Prezidenti bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň we Arap ligasynyň bilelikdäki maslahatynda Türkiýäniň öňbaşçylyk etmeginde gurlan Aragatnaşyk topary düýn Hytaýda saparda bolupdy.

Hamasyn harby topary Kassam 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa Tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Ysraýyl hem Gaza Sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” ady bilen hüjüm başladandygyny mälim edipdi.

Dowam edýän dartgynlyk sebäpli esasy bölegi çagalardan ybarat 13 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

5-nji Antalýa Diplomatiýa forumy öz işine başlady
Erdogan Eýrana guralýan bikanun hüjümler sebäpli sebite uly howpuň abanýandygyny aýtdy
Fidan: “Ysraýyl howpsuzlygyny bahana edip has köp ýer almak isleýär” diýdi
Fidan: ADF dünýä liderlerini kabul etdi, Türkiye bolsa diplomatik roluny giňeldýär
Türk we Grek daşary işler ministrleri Ysraýylyň Gaza barýan flotiliýa hüjümini maslahatlaşdylar
Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi Geçirildi
Hakan Fidan Hamasly wekiliýet bilen duşuşdy