Hakan Fidan PKK-nyň Ýewropa ýurtlaryndaky meçew bermeleri bilen bagly beýanat berdi

Hakan Fidan PKK-nyň Ýewropa ýurtlaryndaky meçew bermeleri bilen bagly beýanat berdi

Stambulda geçirilen çäreleriň birinde söz sözlän Daşary işler ministri Hakan Fidan soňky günlerde PKK-nyň tarapdarlarynyň Belgiýada 2 aýry şäherde türk raýatlaryna hyýanatçylyk bilen hüjüm edendigini ýatlatdy.

"Germaniýada Gannower şäherindäki Baş konsullygymyza paltalar bilen hüjüm etjek derejede azdylar" diýip aýdan Hakan Fidan, Fransiýada hem şoňa meňzeş aksiýalaryň bolandygyny mälim etdi.

Hakan Fidan: "PKK biz hüjüm etdigimiz saýyn çüňke gabalýar. Çüňke gabalmak bilen bolsa bu gezek eýýäm ençeme ýyl bäri takat edilýän ýurtlarda terror edýär. Döwletimiz bolsa raýatlaryna islendik şertde eýe çykýar. Mesele şolar ýaly aňsatdyr" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Belgiýa gitdi
Daşary Işler Ministri Hakan Fidan NATO-nyň Maslahatyna Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny