HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ NUSGASY

HALK MASLAHATY — DÖWLETLILIGIŇ NUSGASY

Halk Maslahatynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanalara gol çekiler.Bu bolsa zähmetsöýer hal-kymyzy parahat Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, bagtyýar döw-rümize guwanyp, buýsanyp, has-da ruhubelent zähmet çekmäge ganatlan-dyrar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda, ýagny ertir hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde ýurdumyzyň we halkymyzyň syýasy durmuşynda ajaýyp taryhy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty geçiriler.Hormatly Prezidentimiz 20-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirende döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm taryhy waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatyna taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere ünsi çekdi.

Häzirki taryhy döwürde milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlylygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň syýasy ulgamy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen demokratik düzgüne esaslanýar.Ol dünýä tejribesiniň gazananlaryny we türkmen milli demokratiýasynyň tejribelerini hasaba almak bilen kämilleşdirilýär.Biziň gadymy köklerimiz, mirasymyz täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň öz ajaýyp geljegini gurmagyň esasy binýadydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatyny guramaçylykly geçirmek baradaky beren tabşyryklary ata-babalarymyzyň asylly wesýetlerine wepalylygymyzyň nyşany bolup, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany dabaralandyrmak bilen bu döwletli maslahaty guramaçylykly geçirmek ýaly wezipeleri çözmäge gönükdirilýär.

Onda ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 30 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar ara alnyp maslahatlaşylar.Baýramçylyga bagyşlanan bu taryhy maslahat milli Lider bilen halkyň bir ýere jemlenip, döwletli pikir alyşmakda türkmen demokratiýasynda öz mynasyp ornuny alan halkylyk taglymynyň ýene bir aýdyň şöhlelenmesidir.

Halkylyk Türkmenistan döwletiniň häsiýetli aýratynlygydyr, döwlet, jemgyýet, şahsyýet gatnaşyklarynyň bitewüliginiň beýanydyr. Çünki halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy.Türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, döwletiň we raýatlaryň jebisligi, agzybirligi, olaryň özara täsiri we hyzmatdaşlyk hereketleri öz beýanyny tapýar.

Geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.

Bu bolsa ynsana goýulýan belent sarpanyň, asyrlardan gözbaş alýan türkmen ynsanperwerlik ýörelgesiniň dabaralanmasydyr. Ýurtda jemgyýetiň jebisligi, agzybirligi, raýatlaryň bagtyýar ýaşamagy hem ösmegi üçin döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikleriň dowamydyr.Ençe asyr döwlet bolup ýaşamagy arzuw edip, 1991-nji ýylyn altyn güýzünde Garaşsyzlyga eýe bolan merdana halkymyz bagtyýarlyk döwrümizde özüniň beýik döwletiniň gadyryny bilip, hözirini görüp ýaşaýar.Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde gazanan üstünliklerimize ser salanymyzda, taryhy ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilendigine göz ýetirýärsiň.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki ýetilen sepgitleri we türkmen halkynyň taryhyny, milli mirasyny, häzirki zaman tejribesini hasaba almak we olary döwrümiziň nukdaýnazaryndan özleşdirmek esasynda işlenip düzülen ynsanperwerlik ýörelgelerindäki garaýyşlaryň ulgamydyr.

Bu asylly ýörelgä eýerip, häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde garaýar.Türkmen halkynyň ýurdy dolandyrmagyň iň bir gadymy mekdepleriniň biri bolan möhüm meseleleri maslahatlaşyp çözmek döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyryp, onda il bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleler halk bilen maslahatlaşylyp kesgitlenilipdir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi mynasybetli zähmetde tapawutlanan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permanlara gol çekiler.Bu bolsa zähmetsöýer halkymyzy parahat Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, bagtyýar döwrümize guwanyp, buýsanyp, has-da ruhubelent zähmet çekmäge ganatlandyrar.

Ata Watanymyzyň hasda belent depginli ösüşler bilen öňe gitmegine goşant goşmak her bir türkmen raýatynyň mukaddes borjudyr. Ýokary derejede geçiriljek Halk Maslahatynyň işi rowaç bolsun!Döwlet adam üçindir!

diýen baş şygary ýörelge edinip, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn. Şanly Garaşsyzlyk baýramyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!Baýrammyrat Hajymämmedow

Ýene degişli makalalar

Parižde TEIF — 2024 halkara maýa goýum forumynyň ikinji güni başlanýar
Berdimuhamedow ýurduň ýolbaşçylar düzümini Türkmenistanlyň Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýadygärlik nyşany bilen sylaglady
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna täze ýolbaşçy belledi