Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisi geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisiň işine gatnaşmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 20-nji maslahatynda kabul edilen kanunlar makullanyldy.

Mejlisiň barşynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, şeýle hem Halk Maslahatynyň komitetleriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenildi. Olarda kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi.

Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisinde Mejlisiň kabul eden Notariat we notarial işi hakynda, Sirk hem-de sirk sungaty hakynda, Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda, Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa Elektron haryt ulag hatyna degişli goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda, Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna garaldy we olar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, Halk Maslahatynyň agzalary Mejlis tarapyndan kabul edilen Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar hem-de üýtgetmeler girizmek hakynda, Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, Goranmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna seretdiler.

Mejlisiň dowamynda başga-da möhüm meselelere garaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan kanunlar biragyzdan goldanyldy we degişli kararlar bilen berkidildi.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar
Masdar Türkmenistanda Gün fotoelektrik gurluşyň taslamasyny durmuşa geçirmäge girişer, Aşgabatda Täjigistanyň medeniýet günleri başlady, Türkmenistanda Sirk sungaty barada kanun güýje girdi
Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Aşgabatdaky döredijilik sapary tamamlandy
Prezident Erdogan TJG Anadoly gämisini Harby-deňiz güýçlerine gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy, Ýerewanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri açyldy, Mergen Orazow bilen interwýu we beýleki habarlar
Aşgabatda Türki medeniýetiň hepdeligine badalga berildi, Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy bilen tanyşdylar, Türkmenistana ermenistanly teležurnalistler çagyryldy we beýleki habarlar