Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar

9-njy noýabrda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky ýigriminji maslahaty geçirildi.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlar Notariat we notarial işi hakynda, Sirk we sirk sungaty hakynda, Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda, Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa, Elektron haryt-ulag hatyna degişli goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda, Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Notariat we notarial işi hakynda resminama ara alnyp maslahatlaşylanda, bu Kanunyň taslamasynyň notariat we notarial işiň guramaçylyk, hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, Türkmenistanda notarial işi amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýändigi bellenildi.

Sirk we sirk sungaty hakynda Kanunyň taslamasy hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirildi, sirk sungaty hem onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Bu Kanunyň taslamasynda sirk we sirk sungatynda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş-ykdysady esaslary kesgitlenilýär, sirk eserlerini döretmek hem-de olary köpçülige görkezmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär, sirkleriň işiniň hukuk binýady hem-de ony döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri kesgitlenilýär.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda bu kanunçylyk namasynyň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, sebitleriň häkimlikleriniň işjeň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanandygy hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işlerini giňeltmek, olaryň hukuk binýatlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemek, döwlet häkimiýet edaralary bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek babatda möhümdigi bellenildi.

Çykyş edenler Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakynda Konwensiýa Elektron haryt-ulag hatyna degişli Goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýetine ünsi çekdiler.

Bu Kanun taslamasy hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny ara alnyp maslahatlaşylanda, deputatlar bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmeginiň ylym we bilim ugry boýunça halkara hukuk binýadynyň berkidilmegine gönükdirilendigini bellediler, şunda ýokary bilimiň parahatçylygy, özara düşünişmegi, özara hormat goýmagy, halklaryň hem-de ýurtlaryň arasynda özara ynanyşmak ýagdaýyny kemala getirmekde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, deputatlar Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda, Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, Goranmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Maslahatda Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiniň meseleleri hakynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň kararynyň taslamasyna hem garaldy.Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň özgerdilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmekde, şäherleşmek derejesini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 20-nji maslahaty geçirildi
Türkmenistan Ýewropada ýokary hünär derejelerini ykrar etmek Konwensiýasyna goşular
Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisi geçirildi
Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Biti aýyrmagyň iň ýeňil we netijeli usullary