Halkara kitap sergisi geçirildi

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde XIII Halkara kitap sergisi geçirildi.Oňa dünýäniň 22 ýurdundan we Russiýanyň öz sebitlerinden 255 neşirýat hem-de kitap söwdasy bilen meşgullanýan şereketler gatnaşdylar.

Bu sergi 1720-nji maý aralygynda şäheriň merkezindäki Manež meýdanynda ýaýbaňlandyryldy. Şu ýylky sergi şäheriň esaslandyrylan gününiň 315 ýyllygyna bagyşlandy.Rus we daşary ýurt ýazyjylarynyň duşuşyklary, çykyşlary, täze eserleriň tanyşdyrylyş dabaralary we beýlekiler serginiň esasy wakalary boldy.

Halkara kitap sergisinde 2019-njy ýylda doglan gününiň 100 ýyllygy bellenip geçiljek rus ýazyjysy Daniil Graniniň döredijiligine bagyşlanan ýörite diwarlyk guraldy.Sergini guraýjylar oňa gatnaşyjylar we bu ýere gelip görýänler üçin giň medeni maksatnama taýýarlapdyrlar. 17-nji maý gijesi Manež meýdançasynda açyk asmanyň astynda Fýodor Dostoýewskiniň “Jenaýat we jeza” romany esasynda döredilen “Raskolnikow” diýen sessiz film görkezildi. Şeýle hem çäräniň maksatnamasynda edebi saz eserleriniň konserti geçirildi.

Serginiň maksatnamasynda çagalar üçin hem birnäçe çäreler guraldy.XIII Halkara kitap sergisi Sankt-Peterburgyň häkimiýetleri hem-de Russiýanyň Kitap bileleşigi tarapyndan guraldy.Şonuň ýaly hem 1720-nji maý aralygynda Polşanyň paýtagty Warşawada IX Warşawa kitap ýarmarkasy “Warsaw International Book Fair” geçirildi.

Oňa dünýäniň 32 ýurdundan 800 töweregi wekil gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dzýudoçylary Warşawa şäherinde geçirilen halkara bäsleşikde 2 medala mynasyp boldular
Formula 1-iň sürüjileri näçe hak alýar?!
Türkmen telekeçileri Gresiýadaky FRESKON halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
ÝÇL-iň çärýek finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy
UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda deslapky oýunlar geçirildi
17-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary