ÝÇL-iň çärýek finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

ÝÇL-iň çärýek finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy

Ispaniýanyň Atletiko kluby Italiýanyň Inter toparyny ýeňip, Ýewropa çempionlar ligasynyň çärýek finalyna gatnaşmaga hukuk berýän soňky ýollanma eýe çykdy.

Toparlaryň arasyndaky deslapky oýun Milan şäherinde geçirilip, onda Inter 1:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Jogap oýnunyň esasy we goşmaça wagty bolsa Atletikonyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Interiň düzüminde Federiko Dimarko (33), Atletikonyň düzüminde bolsa Antuan Grizman (35) we Memfis Depaý (87) tapawutlandy. Oýundan soňky 11 metrlik urgularda bolsa 3:2 hasabynda ispan kluby ýeňiş gazandy.

Günüň beýleki gapma-garşylygynda Germaniýanyň Borussiýa (Dortmund) kluby öz öýünde Niderlandlaryň PSW toparyny kabul edip, 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. Ýer eýeleriniň gollaryna Jeýdon Sanço (3) we Marko Roýs (90+5) awtorlyk etdi. Toparlaryň arasyndaky Niderlandlarda geçirilen deslapky oýun 1:1 hasabynda deňlikde gutarypdy.

Mundan ozal, Angliýanyň Mançester Siti we Arsenal, Ispaniýanyň Real we Barselona, Fransiýanyň PSŽ, Germaniýanyň Bawariýa klublarynyň ÝÇL-iň çärýek finalyna ýollanma alandygyny habar beripdik.

Çärýek finalyň bijeleri 15-nji martda çekiler. Tapgyryň deslapky oýunlary 9-10-njy aprelde, jogap duşuşyklary bolsa 16-17-nji aprelde geçiriler. ÝÇL-iň final oýny 1-nji iýunda Londondaky Uembli stadionynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri)
“Barselona” 3 utuk ýeterlik
Lewandowskiniň rekordy ýeňşe ýetmedi
Messiniň 35-nji het-trigi
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar