Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri)

Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Ýuwentusy” 1-1 tamamlanan oýnuň jogap duşuşygynda 1-0 ýeňen “Inter” bilen “Kremonezeni” myhmançylykda 2-0 ýeňip, öz meýdançasynda golsuz deňme-deň oýnan “Fiorentina” duşuşar (Final 24-nji maýda Rimde oýnalar).

Angliýanyň çempionatynda 33-nji tapgyryň jemleýji duşuşygynda “Tottenham” 2-0 yzda barýan duşuşygynda “Mançester Ýunaýted” bilen 2-2 deňme-deň oýnady (Porro 56, Hin Min Son 79 Sanço 7, Reşford 44) .

“Real Madridiň” horwatiýaly ýyldyzy Luka Modriçiň şikes alandygy we azyndan 2 hepde ýaşyl meýdança çykyp bilmejekdigi habar berildi.

UEFA Zenanlar Çempionlar Ligasynda ilkinji finalçy “Barselona” bolup, myhmançylykda 1-0 üstün çykan katalon gyzlar öz meýdançasynda “Çelsi” bilen 1-1 deňme-deň oýnady we bassyr 3-nji, soňky 5 ýylda-da 4-nji gezek finala çykdy.

Basketbol boýunça 2027-nji ýylda guraljak erkekleriň arasyndaky Dünýä Kubogynyň Katarda geçiriljekdigi resmi ýagdaýda habar berildi.

NBA-da pleý-offuň 1-nji tapgyrynda 6-njy duşuşykda “Boston Seltiks” topary myhmançylykda “Atlanta Hawksy” 128:120 hasap bilen ýeňip, umumy hasapda 4:2 öňe saýlandy we Gündogar Konferensiýanyň ýarym finalynda “Filadelfiýa 76ers” toparynyň garşydaşy boldy.

Basketbol boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek zenanlaryň arasyndaky Dünýä Kubogy ýaryşynyň Germaniýada geçiriljekdigi mälim edildi.

“Borussiýa Dortmundda” 11 ýyldan bäri çykyş edip gelýän 33 ýaşyndaky germaniýaly ýarymgoragçy Marko Roýs kluby bilen ýene-de 1 ýyllyk şertnama baglaşdy (2024-nji ýylyň tomsuna çenli.

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de ýokary depginde dowam edýän Stenli Kubogy pleý-offuň 1-nji tapgyrynda “Winnipeg Jetsi” 5-nji duşuşykda 4:1 ýeňen “Wegas Golden Naýts” topary umumy hasapda 4:1 öňe saýlanyp, ýarym finala çykan ilkinji klub boldy.

Ýene degişli makalalar

Messiniň 35-nji het-trigi
ÝÇL-iň çärýek finalynyň ähli gatnaşyjylary belli boldy
“Barselona” 3 utuk ýeterlik
Lewandowskiniň rekordy ýeňşe ýetmedi
“Bundesliganyň” täze möwsüminiň ilkinji duşuşygy “Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda görkeziler
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar