Halkara syýahatçylygy ösýär

Madridde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UNWTO) iň soňky maglumatlaryna görä, halkara syýahatçylarynyň akymy 2025-nji ýylda hem ösüşini dowam etdirer.

UNWTO-nyň çärýeklik Bütindünýä syýahatçylyk barometri hasabatyna görä, ýylyň ilkinji dokuz aýynda 1,1 milliarddan gowrak adam halkara syýahatçylygyny amala aşyrdy, bu bolsa 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, takmynan, 5 göterim köp.

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitine ýanwar we sentýabr aýlary aralygynda syýahatçylaryň akymy 8 göterim artdy. Sanlar 2019-njy ýylyň derejesinden, takmynan, 10 göterim pes bolmagynda galsa-da, pandemiýadan soň dikelmegini dowam etdirýär.

Afrikada halkara syýahatçylarynyň sany ep-esli artdy, Demirgazyk Afrikada 11 göterim, Sahara çölüniň günortasyndaky Afrikada bolsa 10 göterim ýokarlandy. Ýewropa dünýäde iň meşhur syýahatçylyk ugry bolmagynda galýar, 2025-nji ýylyň ilkinji dokuz aýynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 4 göterim köp, 625 million syýahatçy bardy.

Demirgazyk Amerikada takmynan 1 prosent pese gaçyş görkezildi. Günorta Amerikada 9 göterim we Merkezi Amerikada 3 göterim ösüş boldy, munuň sebäbi birnäçe ugurlarda ýokary isleg bilen baglanyşyklydyr.

-2025-nji ýylda halkara syýahatçylygy ýokary syýahatçylyk inflýasiýasyna we geosyýasy dartgynlyklara garamazdan, halkara syýahatçylygynyň mukdary boýunça hem, şeýle-de girdejileri boýunça hem durnukly ösüşini görkezmegini dowam etdirýär. Afrika we Ýewropa aýratyn ajaýyp netijeleri görkezdiler diýip, BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) baş sekretary Zurab Pololikaşwili metbugat üçin beren beýanatynda aýtdy.

Gurama 2025-nji ýylda 3-5 göterim ösüş boljakdygyny çaklaýar we geosyýasy näbelliligiň we ýokary çykdajylaryň pudagyň geljegi üçin mümkin bolan töwekgelçilik bolmagynda galýandygyny belleýär.

Ýene degişli makalalar

Ak şäherim Aşgabat 2026: Binagärlik. Innowasiýa. Durnukly ösüş
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Mewlüt Çawuşogly: "Afina položitel güntertip bilen barýarys" diýdi
Türkmen halysy — akyl ýetirip bolmajak gözellik
Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýa sapary dowam edýär
Ekosyýahatçylyk ösdüriler