Halkara teatr festiwalynyň ikinji we jemleýji günlerinde haýsy sahna eserleri görkeziler?

Halkara teatr festiwalynyň ikinji we jemleýji günlerinde haýsy sahna eserleri görkeziler?

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara teatr festiwaly öz işine başlady.

15-nji noýabrda — halkara festiwalyň ikinji gününiň birinji ýarymynda Aşgabadyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatrynyň Gelmişek atly spektakly görkeziler.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda türkmen artistleri Çingiz Aýtmatowyň Ak gämi powestiniň esasynda döredilen sahna eserini görkezerler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň döredijilik topary bolsa Gowşutgeldi Daňatarowyň Leýli we Mejnun pýesasynyň esasynda döredilen Söýgi hem hasrat atly sahna eserini tomaşaçylara hödürlär.

Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Gyrgyz Respublikasynyň Batken welaýatynyň Appaz Žaýnakow adyndaky sazly drama teatry myhmançylykda bolup, Magtymguly Pyragy atly sahna eserini tomaşaçylara ýetirer.

Festiwalyň jemleýji gününde — 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Magtymguly — köňül guşy atly spektakl görkeziler. Şol gün Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatry Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly pýesany görkezer.

Ýene degişli makalalar

Halkara teatr festiwalynyň ikinji we jemleýji günlerinde nähili eserler sahnalaşdyrylar?
Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy
Gülnabat Abdullaýewa halkara teatr festiwalynyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy
Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy
Türkmen artistleri Söýgi we jepa atly taryhy tragediýa bilen TÜRKSOÝ-yň I Halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler