Halkara zenanlar gününiň şanyna

Halkara zenanlar gününiň şanyna

Düýn 8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzda zähmet çekýän, bilim alýan öňdebaryjy gelin-gyzlar, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymanlary, mähriban eneler, Ene mähri diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar gatnaşdylar.

Dabara edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, // Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa diýip wasp edişi ýaly, dabarany ajaýyp aýdymlar, şirin mukamlar, gözel tanslardyr süýji arzuwlar we mähirli gutlaglar bezedi.

Güllere beslenen sahnada sungat ussatlary türkmen we daşary ýurt dillerinde döredilen aýdymlar bilen zenan gözelligini wasp etdiler.Baýramçylyk şatlyk-şowhuny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: Täze ýaşaýşyň buşlukçysy bolup, tebigaty gözelligi bilen özgerdýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän enelerimiziň, gözelligi edep-ekrama ýugrulan gelin-gyzlarymyzyň şanyna guralýan aýdym-sazly dabaralaryň olaryň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn diýen sözleriniň belentden dabaralanmasyna öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary-terbiýe mekdebi
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Türkmenistanda talyp ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
Magtymguly Pyragy söz şalygynyň soltany atly şygryýet bäsleşigi
Dowamatdyr bu gün ýoluň Pyragy
Zenan mährinden dörän nepislikler