Magtymguly Pyragynyň şygyrlary-terbiýe mekdebi

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary-terbiýe mekdebi

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň her bir güni täsirli dabaralara beslenýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň nusgalyk döredijiligi, şygryýet mirasy durmuş mekdebiniň beýik sapagy bolup, halkyň arasynda asyrlar boýy ýaşap gelýär. Şahyryň şygyrlarynyň ahlak häsiýetlerini ýaşlara wagyz etmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek maksady bilen geçirilýän duşuşyklardyr, dabaralar günsaýyn biri-biri bilen sepleşýär.

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň şygyrlary-terbiýe mekdebi atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Magtymgulynyň şahyrana döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini jemleýän şygyrlary halkyň kalbynda ýaňlanýar.Magtymgulynyň şygryýet ussatlygyny hem-de edep-terbiýä ýugrulan setirleriniň ýaşlara görüm-görelde bolup durandygy baradaky söhbetdeşlige Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri Enebaý Amanberdiýewa, şeýle-de Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher Muhammetgulyýewa, ýene şol teatryň sahna ussady Mährigözel Atdaýewa dagylarynyň çykyş etmeginde gyzykly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi çykyş edenleriň söhbetiniň esasy mazmuny boldy.Dünýä şygryýetiniň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihat goşgulary halkymyzyň watançylyk ruhuny beýgeldip, ýaşlarymyza gönezlik mekdebidir.

Dünýä ýüzünde Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň artmagyna giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Giňdir Älem ýaly şygryýet çygry