Hamilton “Ser” boldy

Formula 1-iň dünýä belli sürüjisi, şu möwsümde 7-nji çempionlygyny gazanan Lýuwis Hamiltona “Ser” tituly berildi. Mundan soň oňa “Ser” (Sir) Lewis Hamilton diýiler. Hamilton bu titula laýyk görlen 4-nji F1 sürüjisi boldy. Ondan öň britaniýaly pilotlardan Stirling Moss bilen Jeki Stýuwart hem-de awstraliýaly Jek Brebham Ser tituly bilen sylaglanypdy.

Täze ýylyň öňýanynda Hamilton bilen bir hatarda, pandemiýa garşy göreş alyp baran käbir şahsyýetlere-de bu titul berildi.

The post Hamilton “Ser” boldy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Formula 1-iň Sürüjisi Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
“Time” žurnaly ýylyň iň täsirli adamlaryny saýlady
Rekord indiki ýaryşlara galdy
Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
25-nji noýabr
Hamilton 1-nji orna geçdi