Rekord indiki ýaryşlara galdy

Formula 1 boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Russiýanyň Soçi şäherinde geçirildi. Şäheriň adybir trassasynda geçirilen 53 aýlawlyk ýaryşda “Mercedes” toparynyň finlýandiýaly sürüjisi Waltteri Bottas ýeňiş

gazandy. 3-nji hatardan ýaryşa başlan sürüjisi

pellehana 1 sagat 34 minut, 00:364 sekuntda gelmegi başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 2-nji, karýerasyndaky 9-njy

ýeňşidir. Bottasdan 7,7 sekunt yza galan “Red Bull” toparynyň niderland

sürüjisi Maks Werstappen 2-nji ýeri eýeledi. Çekeleşikli geçen ýaryşda 3-nji orna britaniýaly Lewis

Hamilton (“Mercedes”) mynasyp boldy. Ilkinji hatardan başlan Hamilton düzgüni bozandygy

üçin 10 sekuntlyk jerime alyp, 11-nji orna düşürildi. Ýöne muňa garamazdan, erjellik

görkezen Hamilton ýeňiş gazanan topardaşyndan 22,7 sekunt soň, pellehana

gelip, 3-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy.

Şeýlelikde, şu wagta çenli karýerasynda 90 gezek

ýeňiş münberiniň iň ýokary basgançagyna çykan Hamiltona

Russiýa “Gran

Prisinde” rowaýaty sürüji Mihael Şumaheriň rekordyny

gaýtalamak başartmady.

10-njy ýaryşdan soň, Hamilton 205 utuk bilen

sanawda 1-nji orny eýeleýär. Topardaşy Bottas 161 utuk

bilen 2-nji, Werstappen

bolsa 128 utuk

toplap, 3-nji hatarda barýar.

Möwsümiň 11-nji ýaryşy 11-nji oktýabrda Germaniýanyň Nürburg

şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
“Time” žurnaly ýylyň iň täsirli adamlaryny saýlady
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar
35 ýyllyk rekord täzelendi