“Time” žurnaly ýylyň iň täsirli adamlaryny saýlady

Her ýyly bolşy ýaly, “Time” žurnaly dünýädäki iň täsirli 100 adamyň

sanawyny ýaýratdy. Sanawa sungat işgärleri, lukmanlar, işewürler we beýleki

ugurlarda iş alyp barýan adamlar girizilipdir.

Geçen ýylyň oktýabrynda

kosmos äleminde uly täzelik boldy. Astronawtlar Kristina Koç hem-de

Jessika Meýr adamzat taryhynda ilkinji gezek ýanlarynda erkek

astronawt bolmazdan açyk kosmosa çykdylar. Iki zenandan ybarat bolan bu topar

Halkara kosmos bekediniň daşyndaky köne Gün batareýalaryny täzeleri bilen

çalyşdylar. Ozal diňe erkek astronawtlara ynanylýan bu çylşyrymly işi ýerine

ýetirjek zenanlar üçin has kiçi bolan kosmonawt eşikleri taýýarlandy. Bu waka

adamzadyň kosmosa çykmagyndan 58 ýyldan, Aýa aýak basmagyndan 50 ýyldan

soňra bolup geçdi. Bu kyn işi bitiren zenan kosmonawtlar sanawda iň köp ünsi

özüne çekýänler boldy.

Hindistanda dünýä inen Sundar Piçai hem bu

sanawa girizilipdir. Ol häzirki wagtda “Google” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär. Piçai “Google”-yň “Drive”, “Gmail”,

“Kartalar” ýaly hyzmatlarynyň hem kämilleşdirmäge goşant goşdy.

“Formula 1”

ýaryşlarynyň piloty Lewis Hamilton ady rowaýata öwrülen Mihael Şumaheriň rekordyny täzelemegi başardy. “Mercedes” kompaniýasynyň çempion bolmagyny gazanan pilota

sanawda orun berlipdir.

Şu ýyl wideoşekili

maslahatlary, okuwlary geçmäge we habarlaşmaga mümkinçilik berýän “Zoom”

programmasy gysga wagtda köpleriň söýgüsini gazandy. Şol sebäpli bu

programmanyň esaslandyryjysy, Hytaýda doglan amerikaly işewür Erik Ýuan sanawa

girizilipdir.

Nigeriýaly Tunji Funşonyň alyp baran işleri Afrika ýurtlarynda çagalarda ýüze çykýan keseliň doly

aradan aýrylmagyna sebäp bolupdyr. Bu bolsa, lukmanyň bu sanawa girmegine iň

laýyk adamdygyny görkezýär.

“SpaceX” kompaniýasynyň maksatnamalaryna ýolbaşçylyk edýän Gwinn Şotwell “Falcon”

raketa taslamasynyň kämilleşmegine öz goşandyny goşdy. Bu bolsa, kosmosa bolan

gyzyklanmany has hem artdyrdy. Şeýlelikde Şotwel sanawdaky zenanlaryň hataryna

goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Astronawt Jessika Watkins taryha girdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Çempion çempionlygyny goramagy başardy
Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler, Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana 5 sany ýük teplowozyny iberdi, noýabrda boljak howa barada