Formula 1-iň Sürüjisi Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Formula 1-iň Sürüjisi Gazada Hüjümleriň Bes Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi

Formula 1-de 7 gezek çempion bolan Lewis Hamilton, Ysraýylyň palestinalylara gyrgynçylyk edýändigini nygtap, Gaza üçin hüjümleriň bes edilmegi barada çagyryş berdi.

Hamilton, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Bu mukaddes aýda agyr günleri başdan geçirýan palestinanyň halkyna uly goldaw berýärin. Sebitiň ýaşaýjylary üçin bu mukaddes aýda maşgalalaryň bir ýerde bolmagy, ýykylşygyň we abanýan howpyň, hüjümleriň bes edilmegi we zamun alynanlaryň boşadylmagy üçin çagyryş etmäge dowam ederis”diýdi.

Beýik Britaniýaly sürüji, Gazadaky her 3 çagadan biriniň ýeterlik iýmitlenmeýändigini nygtap, “bigünä adamlaryň esasan çagalaryň bilkastlaýyn öldürilmeginiň hakly sebäbi bolup bilmez. Bu kabul edilmesiz” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Time” žurnaly ýylyň iň täsirli adamlaryny saýlady
Rekord indiki ýaryşlara galdy
Hamilton “Ser” boldy
10 ýaryşdan soň ýeňiji üýtgedi
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Çempion çempionlygyny goramagy başardy