Hamiltonyň 55-nji ýeňşi

Formula 1 Dünýä çempionatynda möwsümiň 5-nji ýaryşy Ispaniýa “Gran Prisinde” “Mersedes” toparynyň britan sürüjisi Lewis Hamilton ýeňiji boldy.Ol ilkinji hatardan başlan ýaryşynda 66 aýlawy 1 sagat 35 minut 56,497 sekuntda tamamlap, şu ýylky 2-nji, karýerasyndaky 55-nji ýeňşini gazandy.

Ondan 3,490 sekunt yza galan Sebastian Wettel (“Ferrari”) 2-nji, 1 minut 15,820 sekunt giç pellehana gelen Daniel Rikkiardo (“Red Bull”) 3-nji ýeri eýeledi. “Fors Indianyň” sürüjileri Serjio Peres bilen Esteban Okon 45-nji orunlara mynasyp boldy.

Bu bäsleşikden soň, Sebastian Wettel 104 utuk bilen 1-nji, 98 utukly Lewis Hamilton 2-nji, Waltteri Bottas (63 utuk) 3-nji hatarda barýar.Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 28-nji maýda Monakoda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

16 ýyldan soň, ilkinji ýeňiş
Möwsümiň 7-nji bäsleşikleriniň ýeňijileri
Hamilton ýurdunda ýeňiş gazandy
“Ferrariden” goşa üstünlik
Hamilton arany açýar
Bottas möwsümi, Massa karýerasyny jemledi