Bottas möwsümi, Massa karýerasyny jemledi

Formula 1 boýunça möwsümiň 20-nji, başgaça aýdylanda, jemleýji bäsleşigi BAE-de geçirilip, Abu Dabi “Gran Prisinde” “Mersedes” toparynyň fin sürüjisi Waltteri Bottas ýeňiş gazandy. “Ýas Marina” trassasyndaky ýaryşa ilkinji hatardan başlan Bottas 55 aýlawy 1 sagat 34 minut 14,062 sekuntda tamamlady.

Bu onuň şu ýylky hem-de karýerasyndaky 3-nji ýeňşidir.Ondan 3,899 sekunt yza galan britaniýaly topardaşy, çempion Lewis Hamilton 2-nji, “Ferrariden” germaniýaly Sebastian Wettel 19,330 sekuntlyk az netije bilen 3-nji ýeri eýeledi. Ýaryşda 10-njy ýeri eýelän braziliýaly Felipe Massa (“Williams”) iň soňky gezek bäsleşip, ol 16 ýyllyk F1 karýerasyny jemledi. Şeýlelikde, çempion Hamilton möwsümi 363 utuk bilen tamamlady. 2-nji ýerdäki Wettel 317 utuk toplady. 305 utuk ýygnan Waltteri Bottas 3-nji ýeri eýeledi. 45-nji orunlary paýlaşan Kimi Raikkonen bilen Daniel Rikkiardo degişlilikde, 205 we 200 utuk toplady.

Toparlaryň arasynda yzly-yzyna hem-de umumylykda 4-nji çempionlygyny eýelän “Mersedes” 668 utuk ýygnady. 2008-nji ýyldan bäri çempionlyga ýetip bilmeýän 2-nji hatardaky “Ferrariniň” 522 hem-de 3-nji orundaky “Red Bulluň” 368 utugy bar.

Ýene degişli makalalar

Hamilton ýurdunda ýeňiş gazandy
Burun dykylmasyna tebigy çözgütler
Massaçusetsde 114 müň adam elektriksiz galdy
ABŞ 2030-njy ýyldan benzin bilen işleýän ulaglary gadagan edip ugrar
Türkmenistanyň raýatlary üçin ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň hyzmatlaryna onlaýn töleg etmek mümkinçiligi, Sanly.tm sanly portaly funksiýalaryny artdyrdy, türkmen kompozitorynyň Bütinrussiýa bäsleşiginde gazanan ýeňşi we beýleki täzelikler
Amerikanyň 7 Ştatynda Maýmyn Mama Keseli Ýüze Çykdy