Amerikanyň 7 Ştatynda Maýmyn Mama Keseli Ýüze Çykdy

Amerikanyň 7 Ştatynda Maýmyn Mama Keseli Ýüze Çykdy

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň Direktory Roşelle Walenský guran metbugat ýygnagynda ýurdunyň 7 şatatynda 9 adamda maýmyn mamasy keselesine gabat gelinendigini, olaryň ýerli laboratoriýalar tarapyndan kesgitlenendigini, ýaýramagynyň öňüni almak we bejergi üçin ýerli halk saglygy guramasynyň ýolbaşçylarynyň işe girişendigini beýan etdi.

Kesellilerden käbirleriniň maýmyn mama keseliniň ýüze çykan ýurtlaryna syýahat eden adamlardygyny nygtan Walenský, halka pandemiýa boýunça ünsli bolmaga çagyrdy.

Ak Tamyň global saglyk howpsuzlygy we biologik goranyş boýunça uly direktory Raž Panžabi bolsa metbugat brifinginde dünýä derejesinde şeýle mukdarda maýmyn mama keseliniň görülmändigini beýan etdi.

Amerikanyň Kaliforniýa, Florida, Massaşýutes, Nýu-Ýork, Utah, Wiržiniýa we Waşington ştatlarynda maýmyn mama keseli ýüze çykdy.

Ýene degişli makalalar

Tramp Amerikanyň 14 ştatynda başlangyç saýlawlarda ýeňiş gazandy
ABŞ-nyň iň gymmat uniwersitetleri
Lýuis Hemilton Saud Arabystanynyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Aýda suw tapyldy
Burun dykylmasyna tebigy çözgütler
Massaçusetsde 114 müň adam elektriksiz galdy
ABŞ 2030-njy ýyldan benzin bilen işleýän ulaglary gadagan edip ugrar