Türkiýäni ýasa bogan 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinden soň gözleg we halas ediş toparlary harabalyklaryň aşagyndan şatlykly habarlaryň alynmagy üçin arman-ýadaman işleýär.
Ýer titremesiniň üstünden 5 günüň geçendigine garamazdan harabalyklardan umytlandyran habarlar gelmäge dowam edýär.
Ýer titremesinden 96-102 sagat soň jemi 25 adam harabalyklaryň aşagyndan sag aman halas edildi.
Hataý welaýatynyň İskenderun etrabyndaky 5 gatly binanyň harabalygyndan 102 sagat soň 6 adamlyk maşgala halas edildi.
Antakýa etrabynda hem 102 sagat soň 32 ýaşyndaky 1 adam, 101 sagat soň 30 ýaşyndaky Hikmet Ýigitbaş we 36 ýaşyndaky zenan sag aman halas edildi.
Kahramanmaraşda 101 sagat soň 28 ýaşyndaky talyp bilen iki dogany harabalygyň aşagyndan çykaryldy.
