harrazi: Talybanyň dolandyryşyny garşylamagyň şerti giňişleýin we garaşsyz döwletiň döredilmegindedir

harrazi: Talybanyň dolandyryşyny garşylamagyň şerti giňişleýin we garaşsyz döwletiň döredilmegindedir

Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiniň başlygy, Talybanyň dolandyryşyny garşylamagyň şertiniň giňişleýin we garaşsyz hökümetiň döredilmegi bolandygyny aýtdy.

Sişenbe güni Daşary gatnaşyklar boýunça strategiki geňeşiň web sahypasyndan IRNA hasabatyna görä, Seýed Kamal harrazi: egerde Talyban hökümdarlyk eden döwründe Owganystanyň dürli etnik toparlarynyň we azlyklarynyň hukuklaryny kepillendirýän, ýurduň garaşsyzlygyny goraýan we daşary ýurt güýçleriniň aralaşmagyna ýol bermeýän giňişleýin hökümet gurýandygyny görkezýän bolsa, Yslam çydam fronty tarapyndan garşylanar diýdi.

Harrazi şeýle-de Şehit Sardar Gasem Soleýmanyň beýleki ýurtlardaky Yslam garşylyk güýçlerine goldaw bermekdäki roluny öwmek bilen häzirki wagtda Liwanda Hizbullanyň, Palestindäki Hamasyň we Yslam Hereketiniň, Yrakdaky Haşad al-Şaabiniň, Siriýadaky halk garşylygy we Ýemendäki Ansarullahyň el-gatyjylara we daşary ýurt agalygyna garşy göreşde möhüm rol oýnaýandygyny görýäris diýip nygtady.

Eýranyň Daşary gatnaşyklar boýunça strategik geňeşiniň başlygy sözüni dowam etdi: Bu asyl hereketler bilen birlikde, yslam ýurtlaryny basyp almak we dargatmak baradaky düýp maksatlaryna laýyklykda daşary ýurtlular tarapyndan DAEŞ ýaly terrorçy toparlar döredildi we olar dini ynançlardan hyýanatçylykly peýdalanmak bilen adamlary bikanun maksatlary üçin ulanýarlar diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Salih Al Aruriniň Janyna Kast Edilmegi ABŞ-na Ýaramaz Täsirini Ýetirer
Eýran, Ýemene Guralan Howa Hüjümini Ýazgardy
“Gaza Söweş Meýdanyna Öwrüldi”
Eýran Ysraýyla garşy hüjüm başlatdy
Eýranda çägeli tupan başdan geçirilýär
Eýranyň Kirman şäherinde partlama boldy
Eýranda Nebiti Gaýtadan İşleýän Zawodda Ýangyn Boldy