“Harri Potteriň” älemine esaslanýan seriýal surata düşüriler

“Harri Potteriň” älemine esaslanýan seriýal surata düşüriler

HBO kompaniýasy franşiza eýeçilik edýän Warner Bros. film studiýasy bilen bilelikde täze seriýal üçin ssenariýaçylaryň we ideýalaryň gözlegine çykdy (ýöne şereketleriň arasynda entek hiç hili şertnama gol çekilmedi!). Bu barada "The Hollywood Reporter"-e salgylanyp, MTV.ONLINE habar berdi.

Iki kompaniýa hem täze blokbasteri surata düşürmek isleýär, olar munuň “Harri Potter” äleminiň dünýädäki millionlarça muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna ynanýarlar.Bu seriýaly döretmek kararyna gutarnykly gelinse, onda onuň döredijileri bestseller ýazyjy J.K.Rowling bilen ähli meýilnamalary barada ylalaşmaly bolarlar. Şeýle hem, kompaniýalar filmler we "Harri Potter" bilen baglanyşykly islendik mazmun üçin ýaýlym şertnamasyna eýe bolan "NBCUniversal" bilen gepleşik geçirmeli bolarlar. Ýeri gelende, 1997-2007-nji ýyllar aralygynda "Harri Potter" hakynda birnäçe kitabyň neşir edilendigini, olaryň barynyň sekiz filmde ekranlaşdyrylandygyny ýatladýarys.

Bu filmlere bolan gyzyklanma şu güne çenli azalmaýar: muşdaklar her ýyl maňlaýy çapyk oglanjyk hakdaky hekaýanyň ähli bölümlerini täzeden görüp çykýarlar.Hatda geçen ýylyň oktýabr aýynda Londonyň merkezindäki Lester meýdançasynda ýaşajyk jadygöýe bagyşlanyp, ýadygärlik hem dikilipdi.

Ýene degişli makalalar

“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
Tokioda Garri Potteriň älemi barada iri seýilgäh açyldy
Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy
“Garri Potteriň” esasyndaky mobil oýunlar döredijilere $1 mlrd girdeji getirdi