Harytlar barada deslapky maglumaty bermek we daşary söwdanyň gümrük statistikasyny ýöretmek atly pudagara okuw-maslahaty

Harytlar barada deslapky maglumaty bermek we daşary söwdanyň gümrük statistikasyny ýöretmek atly pudagara okuw-maslahaty

29-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezinde Harytlar barada deslapky maglumaty bermek we daşary söwdanyň gümrük statistikasyny ýöretmek atly pudagara okuw-maslahaty guraldy. Çärä Döwlet gümrük gullugynyň, degişli döwlet edaralarynyň, şeýle hem daşary ykdysady işe gatnaşyjy kärhanalaryň we guramalaryň hünärmenleri we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda harytlar barada deslapky maglumatlaryň wagtynda we doly berilmeginiň gümrük amallaryny çaltlandyrmakdaky, töwekgelçilikleri netijeli dolandyrmakdaky hem-de serhetden geçirilýän harytlara gözegçiligi kämilleşdirmekdäki möhüm ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem gümrük işine ornaşdyrylýan häzirki zaman sanly ulgamlar, olaryň amaly ulanylyşy we gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky orny giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, gatnaşyjylara gümrük deklarasiýasynda maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmegiň usullary boýunça amaly düşündirişler berildi. Taraplar Akylly gümrük konsepsiýasyny durmuşa geçirmek hem-de emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda öňdebaryjy halkara tejribeleri öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri aýratyn bellediler.

Çeşme: customs.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Bagtyýar paromy Türkmenistandan Russiýa üsti ýükli awtoulaglary eltdi
GREENGO dükanyna täze harytlar gelip gowuşdy
ABŞ Ýene-de 26 Hytaý Firmasynyň Harytlarynyň Ýurda Getirilmegini Gadagan Etdi
Türkmenabatda ulanylan harytlaryň söwdasy bilen meşgullanýan adamlara bazardan ýer berildi
PostShop dükanynyň müşderileri onlaýn we oflaýn görnüşde söwda edip bilerler
Röwşen aýakgaplary Gurban baýramy mynasybetli 10% arzanladyş yglan edýär