Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler, guşlar we balyklar näbelli sebäpden gyrylýar

Hazaryň türkmen kenarynda düwlenler, guşlar we balyklar näbelli sebäpden gyrylýar

Hazar deňzinde düwlenler köpçülikleýin gyrylýar. Gazagystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän sebitinde soňky iki hepdede öli düwlenleriň ýüzlerçesi tapyldy. Türkmenistanda hem düwlenler gyrylýar. Bu barada Azatlygyň Balkandaky çeşmeleri habar berdiler.

Balkanly ekologiýa hünärmenleriniň sözlerine görä, Türkmenistanyň deňiz adalarynda öli tapylýan düwlenleriň sany artýar, soňky iki hepdede tapylan düwlenleriň sany 200-den geçipdir.

"Iki hepde bäri 200-den köp düwlen läşini deňizden çykardyk. Bu sanlar her gün köpelýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen balkanly çeşme 13-nji noýabrda habar berdi.

Bu ýagdaý goňşy Gazagystanyň Mangystau regionynda deňz kenaryndan tapylan düwlenleriň läşiniň 500-den geçen wagtyna gabat geldi. Gazagystandan tapawutlylykda Türkmen häkimiýetlerinden we habar serişdelerinde düwlenleriň gyrylmagyna degişli resmi maglumat bolmady.

Şu günler kenar ýakasynda öli guşlar we balyklar hem tapylýar.

Balkanly çeşmeleriň ýene biri şeýle gürrüň berýär: "Balyklaryň bekre ýaly gyzyl kitaba girizilen seýrek görnüşleri şu günler has köp gyrylýar. Guşlaryň Barak, ördek, göçme flamingo ýaly görnüşleriniň ölmegi bizi gorkuzýar" diýip çeşme gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ekologiýa boýunça türkmenistanly bilermenler soňky üç ýylda düwlenleriň köpçülikleýin näbelli sebäpden gyrylmagynyň netijesinde umumy hasap bilen 40%-niň ýok bolup gidendigini çaklaýarlar.

Çeşmeleriň öňe sürýän bu sanlaryny resmi taýdan tassyklap bolmady.

Bakanly bilermenleriň sözlerine görä, Türkmenistanyň daşky gurşaw hünärmenleri balyklaryň, guşlaryň we düwlenleriň köpçülikleýin ölmeginiň sebäplerini öwrenmek üçin suwdan we ölen haýwanlaryň maslyklaryndan analiz nusgalaryny alýarlar.

"Türkmen wekilleri gazagystanly we eýranly ekolog hünärmenleri bilen telefon arkaly maslahat etdiler ýöne netijeli iş bolmady" diýip türkmenistanly ekologiýa bilermeni gürrüň berdi.

Haýwanlaryň ölüminiň sebäpleri näbelli bolmagynda galýar.

Düwlenleriň gyrylmagyna beýleki hazarýaka döwletleriň häkimiýetleri tarapyndan hem çynlakaý aladalanma bildirilýär.

Goňşy Gazagystanda düwleniniň köpçülikleýin gyrylmagyna geçen aýyň ahyryndan bäri syn edilýär. 24-nji oktýabrda Gazagystanyň Mangystau sebitinde howdan kenaryndan 51 sany läşiň tapylandygyny ýerli häkimlik habar berdi. Şondan bäri deňziniň kenaryndan öli tapylan düwlenleriň sany 500-den geçdi. Gazagystanda-da öli guşlaryň we balyklar ençemesi tapylýar.

Gazak alymlaryna görä, sebäbini anyklamak üçin laboratoriýa iberilen nusgalaryň netijeleri heniz elýeterli däl.

Hazar deňzinde haýwanlaryň köpçülikleýin gyrylmagy hazarýaka sebitleriň ýaşaýjylaryny biynjalyk edýär. Käbirleri deňiz faunasynyň gyrylmagynyň sebäbini ýokanç keseliň ýüze çykmagynda, käbirler suw giňişliginiň hapalanmagynda görýärler.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly ekolog soňky ýyllarda yzygiderli gaýtalanýan bu ýagdaýy Hazar deňziniň ekologiýasynyň ýaramazlaşmagy we suw derejesiniň peselmegi bilen baglanyşdyrýar.

"Hazardaky floranyň we faunanyň güýçli üýtgemegine deňizde geçirilýän harby türgenleşikleriň we nebit-gaz önümçiliginiň galyndylarynyň köpelmegi erbet täsir edýär. Hazar deňzi öli deňze öwrülip barýar. Soňky iki aýda suw derejesi ýene kenardan 50 metr yza çekildi. Hazar gözümiziň öňünde çöle öwrülýär" diýip, türkmen ekology gürrüň berdi.

Hazardaky düwlenleriň köpçülikleýin gyrylmagy soňky ýyllarda yzly-yzyna gaýtalanýar. Iki ýyl bäri Hazaryň türkmen kenarynda düwlen maslyklarynyň ýüzlerçesi tapyldy.

Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysynyň 14-nji noýabrda beren maglumatyna görä, ýerli bazarlarda gizlin satylan düwlen ýagy satuwdan aýrylypdyr.

"Balkanabatda we Türkmenbaşyda brakonýerler tarapyndan düwleniň ýagy we balyk ýagy 200 gramy 200 manatdan satylardy. Olary gadagan etdi bir hepde bäri sanepidemstansiýa" diýip, çeşme aýdýar.

Hazar deňzinde bikanun awlanýan düwlenleriň we seýrek balyklaryň söwdasyna Türkmenistanda duş gelse bolýar.

Tebigaty goraýjylaryň pikirine görä, Hazar deňzindäki endemik, ýagny belli ýerde ýaşaýan bu jandarlary goramak boýunça meýilnamalar amala aşyrylmaýar, beýle şertde ýagdaý ýaramazlaşýar. Hazar deňzindäki bikanun talaňçylyk, suwuň hapalanmagy we ýalpaklaşmagy, janly şertleriň zaýalanmagy sebäpli jandarlaryň sany azalýar.

Düwlenleriň sanyna degişli çaklamalar dürli, alymlar 70 müňden 300 müňe çenli sany getirýärler.

Gazagystan Hazaryň düwlenlerini Gyzyl kitabyna girizdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ak Tamda 2009-njy ýyldan bäri ilkinji gezek pişik mesgen tutdy
2021-nji ýylyň iň abraýly adamlarynyň sanawy yglan edildi
Stambul Kofe festiwaly 7-nji oktýabrda başlar
Jo Baýdeniň Demirgazyk Koreýanyň lideri tarapyndan tankytlanmagy
Tramp 2024-nji ýyldaky Prezident saýlawlaryna gatnaşar
9/11 ýyl dönümi: 11-nji sentýabr hüjümleri, terrora garşy global uruş we Merkezi Aziýa