HBS: Si Szinpin Mao Szedunyň titulyna mynasyp boldy

HBS: Si Szinpin Mao Szedunyň titulyna mynasyp boldy

Günbatar metbugatynyň habaryna görä, mundan beýläk Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin "Hytaý galkynyşynyň serdary" diýlip atlandyrylar. Muny Hytaý Kommunistik partiýasynyň wekili aýtdy diýip, interfax.ru habar berýär.

Häzirki wagta çenli şeýle ada diňe Hytaý Halk Respublikasynyň düýbüni tutujy Mao Szedun eýe bolupdy, ýagny Hytaýda oňa "Beýik Serdar" diýilýär.

Ýakynda Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komiteti partiýanyň geçen asyrda, şol sanda Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda gazanan üstünlikleri beýan edilýän "taryhy kararnamany" kabul etdi. Resminama HHR-iň häzirki Prezidentiniň syýasatyny goldamagy dowam etdirmäge çagyrýar. Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, bu hytaý lideriniň ygtyýarlyklarynyň has-da güýçlenmegine itergi berýär.

Si Szinpiniň "taryhy kararnamasynyň" kabul edilmegi onuň ýeterlik derejede meşhurlyk gazanandygyny aňladýar. Bu bolsa oňa HHR-iň baştutany wezipesine üçünji möhlete saýlanmaga dalaş etmegine mümkinçilik döredýär. Üçünji möhlet 2027-nji ýyla çenli dowam edýär.

Belläp geçsek, Si Szinpin 2013-nji ýylyň mart aýyndan bäri Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidentidir.

Ýene degişli makalalar

Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Aşgabatda saparda bolar
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň partiýa komitetiniň sekretaryny kabul etdi
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Bir guşak, bir ýol halkara maslahatyna gatnaşdy