Hindiler dört günde ýedi yklyma baryp gördüler

Hindiler dört günde ýedi yklyma baryp gördüler

Hindistanyň iki raýaty üç gün bir sagat bäş minut we dört sekuntda yklymlaryň ählisine aýlanyp çykdy, netijede, olar Ginnesiň rekordlar kitabynda öň hasaba alnan rekordy täzelediler diýip, UPI habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ali Irani we Suja Kumar Mitra atly iki hindi 4-nji dekabrda Antarktida ýola düşdüler we 7-nji dekabrda öz syýahatlaryny Awstraliýanyň Melburn şäherinde tamamladylar. Olar bu rekordyň uzak saklanmajakdygyny, ony ýene kimdir biriniň täzelejekdigini aýdýarlar.

Surat: dunyanews.tv

Ýeri gelende aýtsak, bu ugurdaky öňki rekord BAE-niň raýaty Hawla al-Romaiti tarapyndan 2020-nji ýylda goýlupdy, bu zenana ýedi yklyma baryp görmek üçin üç gün 14 sagat 46 minut we 48 sekunt gerek boldy.

Ýene degişli makalalar

7 yklymy aýlandylar
Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Ronaldo we Messini yzda galdyrdy
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär