7 yklymy aýlandylar

Hindistanyň 2 raýaty 3 gün 1 sagat 5 minut 4 sekuntda 7 yklymy aýlanyp, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdylar. Ali Irani we Sujoý Kumar Mitra 4-nji dekabrda Antraktida bardylar, 7-nji dekabrda bolsa, syýahatyny jemläp, Awstraliýanyň Melburn şäherine geldiler.

Rekordçylar bu üstünligiň islendik wagt täzeden gazanylyp bilinjekdigini belläp, geçiren syýahatyndan hoşal bolandyklaryny bellediler.

Mundan ozalky rekord 2020-nji ýylda goýlup, Birleşen Arap Emirlikleriniň raýaty Hawla al-Romaiti 7 yklymda bolmak üçin 3 gün 14 sagat 46 minut 48 sekunt sarp edipdi. Bu syýahatda her ýurda aýratyn syýahat etmek däl-de, her yklymda düşlemek ýeterlikdir.

Ahal ARAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Hindiler dört günde ýedi yklyma baryp gördüler
Tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň baýrak gaznasy 57,8 million amerikan dollaryna ýetdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Ronaldo we Messini yzda galdyrdy
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2022” atly halkara sergi geçirilýär