Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soňra Galkan liderlik edýär

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soňra Galkan liderlik edýär

Hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji aýlawyndan soňra ýurduň sekiz gezek çempiony Galkan topary turnir tablisasynda liderlik edýär. Toparyň hasabynda 15 utuk bar.

Ikinji orny 12 utuk bilen Şir eýeläp duran bolsa, güýçli üçlügi 9 utuk bilen Oguzhan jemleýär.

Ýokarda ady agzalan toparlardan başga-da çempionatda Nesil, Watançy we Merdana ýaly toparlar hem çykyş edýärler.

Ýaryşyň birinji aýlawyndan soňra iň netijeli oýunçylaryň bäsleşiginde 9 şaýba geçiren Begenç Döwletmyradow (Galkan) öňdeligi eýeläp dur.

Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji aýlawy baharda geçiriler.

Ozal habar berşimiz ýaly, hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin 13-nji fewralda Minks şäherine ugrar. Okuw-türgenleşik ýygnanyşygy Raubiçi köpugurly sport toplumynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

13-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Bişkekde geçirilýän dünýä çempionatynda Günorta Afrikany utdy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri