Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar

Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar. Forumyň öňüsyrasynda, döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň mawzoleýine we Türkmenistan seýilgähinde türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda, şu duşuşykda hem netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýyklygy barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-türk doganlygy sergisi geçirildi
Jewdet Ýilmaz: Türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ýetirmekde hökman hyzmatdaşlyk etmeli
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ylym we tehnika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar
Türkmen-türk hyzmatdaşlygynda täze resminamalar toplumyna gol çekildi
Ankarada Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi