Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky eden çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýardygyny aýtdy. Bu barada TDH habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýulýar, onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu gün bütin dünýä howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini rejeli ulanmak we suwy tygşytlama tilsimatlaryny ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baş wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-türk özara maýa goýumlary 200 million dollardan geçdi
Aşgabatda geçiriljek sergä 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
28-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanda geçiriljek türk harytlarynyň sergisine 100-den gowrak türk kompaniýasy gatnaşar
Türkmenistanda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi guralar
Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açmagy meýilleşdirýär