Türkmen-türk hyzmatdaşlygynda täze resminamalar toplumyna gol çekildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynda täze resminamalar toplumyna gol çekildi

Ozal habar berşimiz ýaly, 26-njy oktýabrda Türkiýe Respublikasynda resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türk kärdeşi Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikiçäk we giňişleýin düzümde ýokary derejeli gepleşikleri geçirdiler.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) arasynda Türkmenistan-Türkiýe söwda we senagat palatasynyň forumyny (TTCCI) döretmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda audio-wideo önümlerini bilelikde öndürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Türkiýe Respublikasynyň Kiçi we orta kärhanalary ösdürmek we goldaw bermek baradaky guramasynyň arasynda Hereketleriň meýilnamasyna; Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Adam serişdeleri edarasynyň arasynda Adam serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda tehniki düzgünleşdiriş, standartlaşdyrmak, laýyklyga baha bermek, akkreditirlemek we metrologiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet arhiw müdirliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdiriýetiniň arasynda ýokary okuw bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda ulag we maglumat tehnologiýalarynda ylmy-barlag işleri babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ösümlikleri goramak we ösümlikleriň karantini hakynda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ýaşlar we sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça 2024 2026-njy ýyllarda ýaşlar syýasaty babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hereketler meýilnamasyna; Meteorologiýa babatda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmen-türk doganlygy sergisi geçirildi
Jewdet Ýilmaz: Türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna ýetirmekde hökman hyzmatdaşlyk etmeli
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ylym we tehnika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen oba hojalygynda we suw serişdelerini rejeli ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmeklige taýýar
Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar