Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde guralan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Enä tagzym—mukaddeslige tagzym” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyna baýramçylyk, agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýy mahsus boldy.Dabara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen nobatdaky işi türkmen halkynyň edebi genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşantdyr. Milli Liderimiz kitabynda mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gürrüň berýär. Ogulabat ejäniň durmuş ýoly halkymyzyň ruhy, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlydygynyň ajaýyp mysalydyr.

Bu eser eziz enelerimizi sarpalamagyň belent nusgasydyr. Onda ene mukaddesligi, maşgala ojagy, Watan, türkmenleriň milli özboluşlylygynda kemala gelen hem-de watançy we mynasyp raýaty terbiýelemäge ýardam edýän ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňňur paýhasly esaslary hakynda gürrüň edilýär.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri çagalaryň beden taýdan saglygynyň berkemegine, ruhubelent hem-de ahlak taýdan sagdyn ösmegine uly ähmiýet berip, olarda zähmetsöýerligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdirler. Biziň zenanlarymyz ençeme asyrlaryň dowamynda özüňi alyp barmagyň ahlak kadalaryny kämilleşdirip, olary nesilden-nesle geçiripdir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty ýaş nesli terbiýelemegiň asylly däplerini dowam edýär. Türkmenistanlylaryň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy üçin şertleri döretmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý we sazlaşykly ösen ýaş nesli kemala getirmäge, eneleriň sarpalanýan jemgyýetinde maşgala gymmatlyklarynyň berkarar bolmagyna örän uly üns berilýär.

Milli Liderimiz täze eserinde ägirt uly medeni mirasa hekaýatlarda we rowaýatlarda öz beýanyny tapan pähim-paýhaslara ýüzlenýär. Şolaryň köpüsi giňden bellidir, käbiri bilen bolsa okyjy şu kitabyň üsti bilen ilkinji gezek tanşyp biler.

Milli Liderimiziň eserlerine mahsus bolan kitabyň çeper dili aýratyn özüne çekýär. Okyjy ýazyjy bilen bilelikde asyrlaryň jümmüşine syýahat edýän mysaly, halkymyzyň taryhy-medeni mirasynyň kemala gelmeginiň döwürlerini başdan geçirýär.

“Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý-ojagyň gelşigi”, “Ene—ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene—döwletlilik” ýaly dört bölümden ybarat bolan kitabyň sözbaşylary enä bolan çuňňur hormatyň ruhuna, öz çagalarynyň we ata Watanynyň bähbidine egsilmeýän zähmetine ýugrulandyr.

Terbiýe bermegiň hem-de watançylygyň özara baglanyşyklydygy baradaky pikir kitaby baýlaşdyryp, onuň içinden eriş-agraç bolup geçýär.

Täze eseriň baş sahabynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň suraty ýerleşdirilipdir.Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda neşir edilen kitap ajaýyp derejede beýan edilýän mazmunyň üstüni ýetirýän owadan suratlar bilen baýlaşdyrylypdyr.

Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen bu kitap, ýaş türkmenistanlylar üçin hem paýhas we bilim çeşmesi bolup hyzmat eder. Çünki ata Watanymyzyň geljegi ýaşlaryň elindedir.Täze eser Türkmenistanyň şöhratly taryhy bilen gyzyklanýan daşary ýurtly okyjylar üçin hem niýetlenendir.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri bütin dünýäde enä mukaddeslik hökmünde sarpa goýulýar, biziň borjumyz bu parasatly däbi mynasyp dowam edip, aýawly saklamak bilen, ony nesillere geçirmekden ybaratdyr.

Türkmen halky asyrlarboýy ýaş neslini belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini ösdürip we kämilleşdirip gelýär. Ata-babalarymyzyň däpleriniň dowamatlylygynda asylly enelerimiziň hyzmaty örän uly bolup, olar öz paýhasy, sabyrlylygy, ündew-nesihatlary bilen milli jebisligimizi has-da berkitmäge, ýaşlarymyzy belent watançylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, onda “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda we belent ruhy-ahlak gymmatlyklar esasynda terbiýelemekde möhüm ähmiýetini bellediler hem-de mähriban halkymyzyň iň gowy köpasyrlyk däplerini aýawly saklamaga we baýlaşdyrmaga goşýan ägirt goşandy üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Merkeziň eýwanynda guralan sergide döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ene-atalara we mugallymlara çagalary hakyky watançylyk hem-de ýokary ahlak ruhunda terbiýelemäge kömek edýän eserleri, şol sanda “Älem içre at gezer”, “Paýhas çeşmesi” hem-de “Döwlet guşy” atly kitaplary ýerleşdirildi. Milli Liderimiziň aýdanlarynyň ýygyndylary we beýleki neşirler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri barada aýdyň düşünje berýär.

Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň we çeper şekillendiriş sungatynyň eserleri hem görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
Tegelek stol söhbetdeşligi
El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi
Mary welaýatynyň esasy metjidinde Gahryman Arkadagyň adyndan sadaka berildi
Dünýäniň bar görki enedir ene
Daşoguzda we Lebapda giň gerimli arassaçylyk we abatlaýyş işleri geçirilýär
Balkanda prezidentiň enesini hatyralap, ýerli ýaşaýjylaryň hasabyna anna agşamlary’ berilýär