Horwatiýa köp möçberde jahankeşdelere garaşýar

Horwatiýa köp möçberde jahankeşdelere garaşýar

Bu jahankeşdelik möwsümi Horwatiýa üçin rekord derejede girdejili bolup biler. Ýylyň başyndan bäri ýurda Ýewropa ýurtlaryndan eýýäm millionlarça jahankeşde geldi, umumy jahankeşdelik akymy bolsa, geçen ýyldakydan 20 göterim artykdyr. Hünärmenleriň pikirine görä, bu oňyn ýagdaý dowam edýär diýip, Habar 24 ýazýar.

Köpler jahankeşdelik işjeňligiň artmagyny Horwatiýanyň Şengen zolagyna girmegi bilen baglaýarlar.

Geçen ýyl bu pudak döwlet gaznasyna rekord derejede, ýagny 14 milliard dollar girdeji getirdi. Bu ýyl görkeziji birnäçe esse artyp biler.

Horwat jahankeşdelik assosiasiýasynyň baş direktory Kristian Staniçiç şeýle gürrüň berýär: - Häzirki wagtda biziň ýurdumyza 5 milliona golaý daşary ýurtly jahankeşde geldi, bu geçen ýylyň görkezijilerinden 20 göterim ýokarydyr. Biz hatda 2019-njy ýyldaky rekord derejedäki ösüşden hem ýokary işjeňligiň şaýady bolýarys. Munuň esasy sebäpleriniň biri-de, Horwatiýanyň Şengen zolagyna girmegi bilen baglydyr.

Janahkeşdeler, esasan, Sloweniýadan, Italiýadan, Wengriýadan, Awstriýadan we Bawariýadan gelýärler. Galyberse-de, içerki jahankeşdelik hem artdy.

Ýene degişli makalalar

Euro 2024-iň bijeleri çekildi
Öňünden çykany ýeňýär
Howanyň üýtgemegi Ýewropanyň jahankeşdeligine täsir eder
Bu gezek ýeňiş gazanmak başartmady
Ýewropa Bileleşiginiň giňelmegi
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
“Aris” BATE-ni derbi-dagyn etdi