HOŞ GELDIŇ ILIME, SALAM, TÄZE ÝYL!

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Hoş geldiň ilime, salam, Täze ýyl!” atly söhbetdeşlik geçirildi. Ýurdumyzda her ýyly üstünlikli jemläp geljek ýyly mynasyp zähmet gadamlary bilen garşylamak asylly ýörelgä öwrüldi. 2025-nji ýyl hem ajaýyp öňegidişikleriň ençemesini ykbalymyza bagyş etdi. Şöhrat şana beslenen merjen şäher Arkadag bu gün bezemen arçalaryň elwan öwüşginleri bilen ýalkym saçýar. Şu günlerde toý-baýramly ýurdumyzyň ähli ýerinde owadan hem belent arçalar baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dürli ýaşly okyjylarymyzyň gelmeginde täze ýyl barada goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler.

Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen arçanyň töweregine ýygnanyp çagalar birek-birege abadançylyk, bagtyýarlyk arzuwladylar.Belent rowaçlyklara beslenjek Täze-2026-njy ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun.

Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun!Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda körpe nesillerimiz üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY
MEŞHUR TÜRKMEN SAZANDASY ŞÜKÜR BAGŞYNYŇ 195 ÝYLLYGY
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
AI Solutions hakaton bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
ARKADAG ŞÄHERI EKOLOGIÝANYŇ WE SAGDYNLYGYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY
SAGLYKABATLYK
HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL, BERKARAR DÖWLETLI DIÝARA