Huawei täze planşetini tanyşdyrdy

Huawei täze planşetini tanyşdyrdy

Huawei kompaniýasy klawiaturaly hem-de Windows 11 operasion ulgamynda işleýän kiçi göwrümli planşetini köpçülige tanyşdyrdy.

Hem planşet, hem noutbuk görnüşinde ulanyp bolýan bu Matebook E kysmynyň ölçegi 12,6 dýuýma, ekranynyň giňligi bolsa 2560x1600 piksele deň bolup, ol 8 megapiksellik öňki hem-de 13 megapiksellik yzky kamera bilen üpjün edilendir.

Enjamyň esasynda Intel Core-yň i3, i5 we i7 nesilleri, şeýle-de, Iris XE grafik çipi durýar.Matebook E Wi-Fi 6 we Bluetooth 5.1 aýratynlyklaryna hem eýedir.

Täze enjamyň bahasy kysmyna görä üýtgäp, ol 649 ýewrolyk Intel Core i3 we 8/128 GB ýady bolan enjamdan başlaýar hem-de bahasy 1399 ýewro bolan Intel Core i7 hem-de 16/512 GB ýatly kysmyň bahasyna çenli dowam edýär. Bu barada ferra.ru saýtynda habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň ýeňil noutbuk çykaryldy
Mudrik APL-da rekord bilen debýut etdi
Aşgabatdaky Elektronika dünýäsi we Samsung dükanlarynda köne kir ýuwujy maşynlary täzelemek aksiýasy geçirilýär
Türkmenistanyň ilçisi Owganystan boýunça Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler, fewralyň ilkinji gary we beýleki habarlar
Elektronika dünýäsi dükany we Berkarar SDAM Samsung dükany ähli söwda eden müşderilere sowgat berýär
Çelsi Potteri işden boşatdy