Mudrik APL-da rekord bilen debýut etdi

Mudrik APL-da rekord bilen debýut etdi

Angliýanyň Çelsi toparynyň täze oýunçysy Mihail Mudrik özüniň APL-daky debýutynda özboluşly rekord goýdy. Has takygy ol, Liwerpul bilen myhmançylykda geçirilen oýunda 36,63 km/s tizlik bilen ylgap, ýyndamlyk boýunça APL-yň şu möwsümindäki iň ýokary netijäni görkezdi. Mudrikiň ikinji ýarymda ätiýaçdan meýdança çykan şol oýny 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy.

APL-yň şu möwsümindäki iň ýyndam bäş oýunçy:

Ýeri gelende bellesek, Çelsi Mihail Mudriki gyşky transfer möwsüminde düzümine goşdy. Aristokratlar Mudrikiň transferi üçin onuň ozalky topary Şahtýora goşmaça tölegler bilen bilelikde 100 million ýewro tölemäge razy boldular.

Ýene degişli makalalar

“Liwerpul” bilen “Mançester Sitiniň” nobatdaky ýeňşi, “Arsenalyň” ilkinji ýeňlişi
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
“Liwerpul” ahyry ýeňiş gazandy
“Boxing Day”-iň ýeke duşuşygynda ýeke gol
FA Kubogynda 4-nji tapgyryň bijeleri çekildi
Türkmenistan Sport teleýaýlymy ýewropa futbolyndan dört sany oýny görkezer