Hytaý: "AUKUS ylalaşygy ýadro ýaraglanmany artdyryp biler"

Hytaý: "AUKUS ylalaşygy ýadro ýaraglanmany artdyryp biler"

Hytaýyň Daşary işler ministri Wan I, Malaýziýa we Bruneý döwletleriniň Daşary işler ministrleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, AUKUS ylalaşygynyň üstünde durup geçdi.

Wan I, AUKUS ylalaşygynyň sebitde ýadro ýaraglanmany artdyryp biljekdigini belläp, onuň sebitdäki ýarag bäsdeşligine hem sebäp bolup biljekdigini habar berdi.

Hytaý, Günorta-gündogar Aziýa halklarynyn bileleşiginiň (ASEAN) we sebitdäki beýleki ýurtlaryň umumy tagallalary bilen sebitiň iň dinamiki we iň çalt ösýän bölegi ýagdaýyna öwrülendigine ünsleri çeken Wan I, ýadro ýaraglanmanyň we umumy ýarag bäsdeşliginiň sebitiň durnuklylygyna we asudalygyna zyýan ýetirjekdigini beýan etdi.

Mundan başgada Wan I, AUKUS-yň sebitde "Sowuk söweş" düşünjesiniň ýaňadandan janlanmagyna sebäp bolup biljekdigini belledi.

Sebitde Hytaýyň artan güýjüne garşy işe girişen Awstraliýa, ABŞ we Beýik Britaniýa 16-njy sentýabrda AUKUS atly täze bir howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşypdylar. AUKUS ylalaşygyna laýyklykda Awstraliýanyň Adelaide şäherinde atom energiýasy bilen işlejek azyndan 8 sany suwasty gäminiň guruljakdygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

2 tigirli ulagyň 2 asyrda geçen ýoly
2020-nji ýylyň oktýabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen
Garibabadi Adel Al-Jubeire ýüzlenip: Nädogry hereketleriňizi başgalaryň üstüne oklamaňyz
Saud Arabystanyň,Eýrana garşy aýplamalry bahanasy bilen ýadro işlerini gizlin amala aşyrmagy
ATP-2021 möwsüminiň ilkinji ýedi hepdesiniň senenamasy kesgitlenildi
Hatibzadeh: Owganystandaky dartgynlylygyň çözgüdi syýasydyr