“Hytaý Merkezi Aziýa” sammiti geçiriler

18-19-njy maýda Hytaýyň Sensi sebitiniň Sian şäherinde “Hytaý – Merkezi Aziýa” maslahaty geçirler. Bu barada HHR-iň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Hua Çunin mälim etdi.

“Maslahata HHR-iň Başlygy Si Szinpin başlyklyk eder” – diýlip, DIM-niň beýanatynda tassyklanýar. Beýanatda bu foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşjakdygy habar berilýär.

Şeýle hem, Hytaýyň daşary syýasy edarasynyň saýtynda ýerleşdirilen beýleki bir beýanatda bellenilişi ýaly, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň 16-20-nji maý aralygynda Hytaýda döwlet saparynda boljakdygy bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň başynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrypdy.

Sammitiň öňüsyrasynda Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystanyň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň täze şahamçasynyň gurluşygynyň ilkinji jikme-jiklikleri mälim boldy. Bu taslama HHR bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Obalaryň ösüşini çaltlandyrmaga çagyrdy
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Merkezi Aziýa Hytaý formatynyň Sekretariatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi