Hytaý Tibedi ösdürmäge 11 milliard dollardan gowrak maýa goýmakçy

Hytaý Tibedi ösdürmäge 11 milliard dollardan gowrak maýa goýmakçy

HHR-iň hökümeti 2024-nji ýylda Tibet awtonom etrabynyň ykdysady ösüşine 80 mlrd ýuan (11 mlrd dollardan gowrak) maýa goýbermekçi. Bu barada ýurduň Xinhua habarlar gullugyna salgylanýan TASS ýazýar.

Habarda maýa goýumlaryň demir ýollaryň, tiz awtoýollaryňdyr howa menzilleriň gurluşygyna goýberiljekdigi aýdylýar.

Goýberiljek býujet serişdeleriniň bir bölegi ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdeleri öndürmek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdiriler.

Ýene degişli makalalar

Täze howa menzili gurlar
Ýokary tizlikli otly ýoly gurulýar
Tibetde Ýer Titremesi Boldy
Dünýäniň iň owadan obalary
Amerikan geofizikler birleşigi: 2100-nji ýyla çenli tomus ýarym ýyl dowam eder
Ýagyş kölegesi hadysasy