Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin Täjigistana maýa goýumlaryny gönükdirýär

Hytaý Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmak üçin Täjigistana maýa goýumlaryny gönükdirýär

Hytaýyň premýer-ministriniň orunbasary He Lifen täjigistanly kärdeşi Rustam Emomali bilen duşuşyp, Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý turbageçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşyk Rustam Emomaliniň Hytaýa resmi saparynyň çäklerinde geçirildi.

Bu barada täjik metbugatynda şeýle habar berilýär: Täjigistanda häzirki zaman energetika pudagynyň ösmegine Hytaýyň maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek arkaly Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Gyrgyzystan — Hytaý gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyny çaltlaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.

Turkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurulmagy Hytaýa goşmaça 25 milliard kub metr tebigy gazy ibermek üçin niýetlenendir. Gaz geçirijisiniň dördünji şahasy ilkinji üçüsinden tapawutlylykda, Gazagystanyň däl-de, Gyrgyzystanyň üstünden geçer.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
“Google” ulgamynyň işinde näsazlyk döredi
Türkmenistanyň fotohabarçylary halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen fotožurnalistleri halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar
Alibaba Jek Manyň tankydy çykyşyndan soň bir ýylda gymmatyny ýitirmek boýunça dünýä lideri boldy
Türkmen ÝuTube bloggeri Berdimuhamedowyň koma girendigini habar berýär, Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bu habary ýalana çykarýar
BTS-iň ýene bir aýdymy ilkinji onlukda